«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, maksatnamany dabaraly bölüm we Ozon merkezi tarapyndan taýýarlanan wideoroligiň görkezilişi açar. Şondan soňra gyzykly intellektual bäsleşik başlanar. Onda 15–24 ýaş aralygyndaky 10 adamdan ybarat bolan iki topar özara bäsleşerler. Olar klimatyň üýtgemegine garşy göreşmäge, ozon gatlagyny goramaga, tebigy seretjelere aýawly garamaga we ekologiýa meseleleriniň çözgütlerini gözlemäge bagyşlanan ýörite ýumuşlary çözerler. Eger toparlar jogap bermekde kynçylyk çekseler, tomaşaçylar öz pikirlerini bildirip, oýna goşulyp bilerler. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar, ähli gatnaşyjylara we tomaşaçylara bolsa höweslendiriji baýraklar garaşýar.
Guramaçylar bäsleşige gönüden-göni gatnaşmak üçin 20 adama, işjeň tomaşaçy we janköýer hökmünde bolsa 40 töweregi adama garaşýarlar. Ýazylmak üçin adyňyzy, familiýaňyzy, telefon numeriňizi, ýaşyňyzy we okaýan (ýa-da işleýän) ýeriňizi tebigatchy.jemg@gmail.com elektron poçtasyna ugratmagyňyz haýyş edilýär. Şunda, eger ýeňiş üçin bäsleşmek isleýän bolsaňyz, hatyň mowzugynda «Ozon – Uçastnik» (Ozon – Gatnaşyjy), eger zaldan gatnaşyjylary goldamak iseýän bolsaňyz «Ozon – Zritel» (Ozon – Tomaşaçy) diýip görkezmeli. Ýazylmak 2026-njy ýylyň 15-nji sentýabryna (sagat 17:00-a çenli) çenli açykdyr. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: +993 (12) 37-46-78, +993 (64) 26-84-32.
OGT 2026 halkara forumy 65 ýurtdan 1300-den gowrak wekili jemlär
10-njy oktýabrdaky ýagdaýa görä, 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT 2026 halkara maslahatynyň we sergisiniň guramaçylary dünýäniň 65 ýurdundan 1300-den gowrak hasaba alnan wekiliň bardygyny habar berdiler.
OGT 2026 nebitgaz sergisinde Malaýziýanyň milli pawilýony hödürlener
21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT – 2026 Halkara sergisinde Malaýziýanyň Nebit serişdeleri korporasiýasy (MPRC) bilen hyzmatdaşlykda guralan Malaýziýanyň ilkinji milli pawilýony açylar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.
Dragon Oil – OGT 2026-nyň göwher hyzmatdaşy
«Dragon Oil» kompaniýasy 21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» 31-nji halkara maslahatynyň göwher hyzmatdaşy bolar diýip, forumyň guramaçylary habar berýärler.
Türkmenistanly mugallym Ýaponiýada wodorod energetikasy boýunça ylmy-barlaglary geçirer
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy Baýram Welhanow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde magistr okuw maksatnamasy boýunça bilim alýar we wodorod energetikasy ugrunda ylmy-barlaglary alyp barýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
3-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.