Habarlar

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13594/original-16aa8e8df3d76e.png

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi. Okuw otaglary wideo-proektorlar, ýokary tizlikli internet we içerki lokal ulgamlar bilen doly üpjün edildi. Bu bolsa talyplara audio hem-de wideo sapaklary özleşdirmäge, mugallymlara bolsa onlaýn-monitoringi we synaglary geçirmäge giň mümkinçilik berýär.

Ylmy-barlag işleri üçin mekdebiň merkezinde önümçilik enjamlarynyň we çylşyrymly detallaryň üç ölçegli modellerini döretmäge kömek edýän 3D printer tehnologiýasy ulanylýar. Mundan başga-da, wirtual gezelençleri guramaga mümkinçilik berýän wiar (VR) äýnekleriniň ornaşdyrylmagy arkaly talyplar hakyky önümçilik meýdançalaryna gitmezden, zähmet şartlary we tehniki howpsuzlyk kadalary bilen wirtual görnüşde tanyşýarlar.

Sanly tehnologiýalary ýokary derejede özleşdirmek talyplara we mugallymlara döwlet derejesindäki bäsleşiklerde we ylmy taslamalarda öňdebaryjy orunlary eýelemäge, okuw edarasyna bolsa umumy reýtingde ýokary görkezijilere eýe bolmaga şert döredýär. Bilim ulgamynyň wekilleri innowasion bilimi ösdürmege döredilýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny bildirýärler.

Başga habarlar
16aa3eddae9693.jpeg
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy

Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.


16aa2408e4abd2.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.

16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.


16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.