Halypanyň ýubileý toýy toýlanyldy

Türkmeniň aýdym-saz sungaty düýpsüz umman. Bu ýola ykbalyny baglap, oňa hyzmat eden, halkyň söýgüsini gazanyp, ykrar edilen halypalar sanardan köp. Olaryň käbiri bolsa il içinde has-da meşhurdyr. Görnükli estrada aýdymçylarynyň biri-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň parlak ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa. Aslynda ol düýnüň hem, şu günüň-de saýlama ussatlarynyň ilkinjileriniň hataryndadyr. Bu geljekde hem şeýle bolar. Çünki aýdym-saz dünýäsinde köp çorba sowadan halypalaryň adalatly belleýşi ýaly, A.Gurdowa şirin nagmalary bilen kalplara çuň kök urandyr we estrada sungatynda öz ýoluny, äheňini tapan ägirtlerdendir.
Bu gün ajaýyp zamanamyzda halypa aýdymçy 70 ýaşynyň ýubileý toýuny toýlady. «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde bolan meşhur aýdymçynyň ýubileý toýuna ýakynlary bilen birlikde ýurdumyzyň belli sungat ussatlaryndan aýdymçylar, sazandalar, kompozitorlar, şahyrlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym-bilim edaralarynyň wekilleri we Annagülüň sungatyna sarpa goýan muşdaklary gatnaşdy.
Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk artisti Kakadurdy Täjimow, Türkmenistanyň halk artisti Sahydursyn Hojakowa, ýaş aýdymçylardyr bagşy sazandalar bar. Medeni-işewürlik merkeziniň ajaýyp binasynda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň we nebitgaz toplumynyň KA-nyň gutlagyndan soňra ýubileý toýunyň sebäpkäri, ilki bilen, «Söýüp ýaşa, söýlüp ýaşa Arkadag» diýen aýdymy ýerine ýetirip, sungat adamlaryna işlemäge, berkarar döwletimize buýsanyp ýaşamaga ähli şertleri döredýän hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Soňra A.Gurdowa ömür we sungat ýoly barada täsirli gürrüň berdi. Ol 1951-nji ýylyň 10-njy iýunynda Aşgabat şäherinde dünýä inýär. Ýokary bilimini Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hukukçy hünäri boýunça alýar. Onuň ýaşan manyly ömründe aýdym-saz sungatyndan üzňe pursaty göz öňüne getirmek kyn.
A.Gurdowa aýdymly dünýä aýak basyşy, ilkinji ädimleri barada şeýle gürrüň berdi:
— Men has kiçi çagakam radio goýberilýän aýdymlara töweregimi unudyp diň salar ekenim. Şol döwürde enem-atamy, goňşy-golamy geň galdyran bu ýagdaý gitdigiçe artypdyr. Üç ýaşymda eýýäm özüm aýdym aýdyp başladym. Öýümiziň gapdalynda çagalar bagy bardy. Ejem öý hojalykçy bolansoň, öýde terbiýeleýärdi. Men ertirlik edinip, çagalar bagynyň gapdalyna barardym. Bakja-bagyň howusynyň daşynda çagalar aýdym aýdardy. Menem özümçe hiňlenip, olary ýat tutardym. Çaga durmuşynda günde-günaşa gaýtalanyp duran şeýle hadysa köp aýdymlary öwrenmegime getirdi. Paýtagtymyzdaky 20-nji mekdebe okuwa baranymda köp aýdymlary bilýärdim. Çagalyk we okuwçy döwürlerimde «Jüýjelerim», «Ortada Anna», «Eý mekdebim jana-jan», «Kiçi bilen geçi», «Pöwrizäm», «Akja kepderi», «Bahar geldi», «Kömelek hem gülälek», «Agam geldi», «Çüw, çap atym» we beýleki onlarça aýdymlar repertuarymy bezeýärdi. Ýaňy mekdebe baran döwrüm kompozitor Weli Muhadow, şahyr Kaýum Taňrygulyýew bilen işleşip, olardan tälim aldym. Şeýlelik bilen, sungatyň şa ýoluna duşdum. Ýurdumyzda radioýaýlymda, daşary döwletlerde çykyş edip başladym, kino sungatynda sesim ýazgy edilip başlandy.
Halypanyň sungata gelşi, kämilleşişi, bile işleşen döredijilik adamlary barada berýän gürrüňi gyzyklydy, durmuşy täsin pursatlara baýdy. Biz oňa halypanyň ýaşlygy, umuman, durmuşy bilen bagly wideoýazga tomaşa edenimizde hem göz ýetirdik. Wideoýazgyda estrada ýyldyzynyň durmuşy giňişleýin açylýar. Annagülüň ir kämilleşmeginiň, ussatlyga ýetişmeginiň sebäbi owaly öz erjelliginiň, zähmetsöýerliginiň netijesidir. Emma ýene-de bir esasy sebäbi ýatdan çykarmak bolmaz. Ol hem halypa sungat ussatlarynyň köpüsinden tälim alanlygyndan, olar bilen köp işleşmeginden gelip çykýar. Ussat aýdymçy ýaşlykda, orta mekdep okuwçysyka görnükli aktýor Baba Annanow, kompozitorlar Mämi Çaryýew, Saparmyrat Babaýew, Bally Rejepow, Çary Abdyllaýew dagydan sapak alyp, köp zat öwrenipdir. Halypalardan tälim alan A.Gurdowanyň çeken irginsiz we ýadawsyz zähmetine adalatly baha hem berilýär. Oňa 1988-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti, 1994-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar.
A.Gurdowanyň şirin hem näzik sesi bar. Ol aýdymlary maksadyna ýetirip özleşdirenden soň halka ýetirýär. Şondan soň ol aýdymlary Annagülden aýryp bilmersiň. Gaýtalanmajak äheň, ýerine ýetiriliş usuly halypany aýdýan aýdymy bilen bitewülige öwrüp, halkyň kalbyna ebedi ýazýar. Saz ýaňlanyp ugrandan bu aýdym Annagülüňki diýilmesi şoňa mysaldyr. Ol ownujak zatlara-da uly üns berýär. Beýle häsiýet ussatlara mahsus. Ine, şu hem onuň sungatynyň hatasyz çykmagyna getirýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde hem halypa il içinde adygan şahyrlar — Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Kakamyrat Rejepow, belli kompozitor Begenç Saparlyýew, Şämmämmet Bäşimow ... dagy bilen işleşdi we işleşýär. Mydama gözlegde bolmak we döredijilikli zähmet A.Gurdowanyň repertuaryny has-da baýlaşdyrdy. Olaryň arasynda ajaýyp döwrümiziň waspyny ýetirýän aýdymlar has-da köp. Häzirki döwürde ürç edinip aýdylan «Ýaşa, Arkadag ýaşa», «Watana söýgi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Türkmenistan — janym Watan», «Gijeler», «Bulak başynda», «Gar ýagýar», «Söýgülimiň birje sözi» ýaly onlarça aýdymlar ussadyň repertuarynyň bezegidir.
Ýubileý günündäki dabarada ýaňlanan şirin owazlar, ýerine ýetirilen tanslar, okalan goşgular, başdangeçirmeler we pursatlar bilen bagly gürrüňler, tüýs ýürekden aýdylan gutlaglar, gowşurylan ter gül desseleri şatlyk-şowhunyň täsirini has-da artdyryp, märekede ýakymly duýgulary oýardy, ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrdy. Ýubileý ýaşyndan örän ýaş görünýän, kaddy dik, hereketi çalasyn, sesi batly A.Gurdowanyň owazly aýdymlary aramyzda hemişe ýaňlanyp dursun. Halypa häzirki görnüşi ýaly hemişe ýaşlyk, owadanlyk, jan saglyk, uzak ömür, döwletli maşgalasynda agzybirlik, dördijilikde üstünlik arzuw edýäris.


Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.