«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Maksat Babaýewiň çykyşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasynyň esasynda dünýäniň iri gaz känleriniň biri bolan Galkynyş käninde iş alyp barmak tapgyrlaýyn dowam etdirilýär. Gaffney, Cline & Associates garaşsyz kompaniýasynyň bahalandyrmasyna görä, onuň «Garaköl» we «Ýaşlar» gurluşlary bilen bilelikdäki gorlary 27,4 trillion kub metr gaza barabardyr.
Galkynyş käniniň çig mal binýady içerki hem-de halkara bazarlara durnukly üpjünçilige niýetlenendir. 2013-nji ýylda ulanylmaga berlen birinji nobatdaky desgalar umumy taslama kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gaza barabar bolan üç sany gaz gaýtadan işleýän zawody öz içine alýar.
Şu ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda bu käniň özleşdirilişiniň dördünji tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli dabaraly çäre türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Din Sýuýsýanyň gatnaşmagynda geçirildi. Taslamanyň hyzmatdaşy hökmünde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy CNPC çykyş edýär. Işler tamamlanandan soň müňden gowrak iş orny dörediler.
Gazyň eksporty Konserniň işiniň iň möhüm ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmen gazynyň iň iri importçysy Hytaý Halk Respublikasydyr. 2009-njy ýylyň dekabryndan bäri hereket edýän Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli 477 milliard kub metrden gowrak gaz iberildi. Biz hytaýly hyzmatdaşlar bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýärus we ony mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýäris diýip, Maksat Babaýew belledi.
«Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre çenli gaza barabar bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi biziň taslamalarymyzyň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Şu günki gün konsern Serhetabatdan Hyrat şäherine çenli owgan böleginiň gurluşygyny alyp barýar. Işler bellenilen möhletlerde dowam edýär.
Maksat Babaýew şu ýylyň 10-njy awgustynda Gahryman Arkadagymyzyň Owganystanyň Hyrat welaýatyna amala aşyran iş saparynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şol saparyň barşynda «Türkmengaz» DK bilen owgan döwlet kompaniýasy «Afgan Gaz» kompaniýasynyň arasynda, şol sanda Hyrat welaýatyny gaz bilen üpjün etmek boýunça gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ähtnama gol çekildi.
Gündogar, günorta we günbatar ugurlary boýunça eksporta degişli meselelerde Türkmenistan ýurduň hökümeti tarapyndan alnyp barylýan diwersifikasiýa syýasatyna eýerýär. Biz bu ugurda bitarap döwlet hökmünde, öz borçnamalaryny ýerine ýetirýän öňünden bellenip bolýan hyzmatdaş bolmagynda galýarys diýip, Maksat Babaýew belledi.
Beýleki möhüm ugur bolsa gaz pudagynyň tehnologiki döwrebaplaşdyrylmagydyr. Şu maksat bilen «Türkmengaz» awtomatlaşdyrmak, sanly modellemek, känleri akylly dolandyrmak we hünärmenleri taýýarlamak babatda öňdebaryjy tejribä eýe bolan halkara tehnologiki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.
Konsern aýratyn üns bilen ekologiýa jogapkärçiligine we metan zyňyndylaryny azaltmaga çemeleşýär. Onuň üçin ekologiýa netijeliligini ýokarlandyrmagyň önümçilik ygtybarlylygyny berkitmek we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bilen utgaşykly alnyp barylmagy möhümdir.
Energetika kompaniýalary, halkara guramalary we maliýe institutlary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berip, «Türkmengaz» DK-nyň ýolbaşçysy şeýle belledi: «Biziň pudagymyzda çözgütler onýyllyklara niýetlenip kabul edilýär. Şoňa görä-de biz üçin uzak möhletleýin borçnamalar, taslama maliýeleşdirmesi we netije üçin jogapkärçiligi paýlaşmaga taýýar hyzmatdaşlar möhümdir. Biz hyzmatdaşlygy düşnükli kadalaryň esasynda guraýarys: hyzmatdaşlar üçin deň şertler, aç-açan amallar we şertnama borçnamalarynyň berk berjaý edilmegi. Konsern gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, sanly tehnologiýalar we hünärmenleri taýýarlamak boýunça tekliplere seretmäge açykdyr».
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Hormatly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.