Habarlar

Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13795/original-16adc5356060d4.jpeg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara görkezýän beýik aladalarynyň netijesinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň we Konserwatoriýamyzyň talyplarynyň arasynda 2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda “Karaoke bäsleşigi” (Karaoke Battle) uly dabaralylyk bilen geçirildi.

Bäsleşigi alyp baryjy hökmünde kafedramyzyň müdiri, uly mugallym Maýsa Mämmetjumaýewa çykyş etdi. Ol özüniň guramaçylyk ussatlygy, şowhunly alyp baryş tärleri, sahna beren döredijilikli ruhy we gatnaşyjylary ruhlandyrýan ýüzlenmeleri bilen bäsleşigiň täsirini birnäçe esse artdyrdy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa her okuw mekdebinden 4-5 adamdan ybarat bolan toparlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň barşynda ýerine ýetirilmeli aýdymlar 4 ugur (nominasiýa) boýunça bölündi:

1. İki ägirdiň (Akmuhammet Saparow we Atabaý Çarygulyýew) aýdymlary;

2. Türkmen estrada aýdymlary;

3. Rus estrada aýdymlary;

4. Gündogara syýahat (özbek, gazak, azerbeýjan we ş.m.) aýdymlary.

Mundan başga-da, bäsleşigiň barşynda az utuk alan ýa-da utuklary deň gelen toparlara Bonus aýdymlar (Ýewropa ýurtlarynyň estrada aýdymlary: fransuz, iňlis, italýan, ispan we ş.m.) hödürlendi. Bu bonus aýdymlary bellenen derejede ýerine ýetiren toparlara eminler tarapyndan goşmaça utuklar berildi, ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýlarynda bolsa utuklary aşak düşürildi.

Bäsleşikiň çykyşlaryna, wokal takyklygyna, ekrandaky sözleriň saz bilen sazlaşygyna hem-de sahna medeniýetine adalatly baha bermek üçin tejribeli mugallymlarymyzdan ybarat eminler topary zähmet çekdi. Emin agzalarynyň düzüminde:

• Arzygül Gylyjowa — “Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy;

• Tylla Saryýewa — “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy;

• Aýgül Rejepowa — “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy adyl eminlik edip, toparlaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler.

Bäsleşik 3 tapgyrdan ybarat bolup, örän çylşyrymly we dartgynly geçdi:

• 1-nji tapgyr: Toparlar aýdymlaryň hemmesi (4 nominasiýa) boýunça çykyş etdiler. Bu tapgyryň jeminde iň az utuk gazanan Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary bäsleşikden çykdy.

• 2-nji tapgyr: Bu tapgyrda 1-nji nominasiýa eminler tarapyndan, 2-nji nominasiýa bolsa gatnaşyjylar tarapyndan saýlandy. Çekeleşikli geçen bu tapgyryň netijesi boýunça Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary 3-nji ýere mynasyp boldular.

• 3-nji (Final) tapgyr: Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda her topardan 1 adam saýlanyp, tomaşaçylaryň gyzgyn goldawy we wokal ussatlygy esasynda esasy ýeňijiler kesgitlendi.

Emin agzalarynyň jemleýji baha beriş netijelerine görä:

• 1-nji ýeri ýokary estrada wokal ussatlyklary, unudylmaz sahnadaşlyklary we tejribeleri bilen “Estrada sungaty” kafedrasynyň ýokary tapgyr talyplary eýelediler!

o Ýeňiji toparyň düzümi: Halmurat Begenjow, Serdar Muştakow, Aziz Sabirjanow, Kerwen Annaýew, Hangeldi Wepaýew.

• 2-nji orna täzeçe höwes we dinamiki wokal taýýarlyklary bilen tapawutlanan “Estrada sungaty” kafedrasynyň aşaky tapgyr talyplary mynasyp boldular.

• 3-nji orny döredijilikli başarnyklaryny aýdyň dabaralandyran Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplary eýelediler.

Müdirimiz Maýsa Mämmetjumaýewanyň alyp barmagynda hem-de kafedramyzyň uly taýýarlygynda geçen «Karaoke» bäsleşigi talyplarymyza diňe bir wokal başarnyklaryny görkezmäge däl, eýsem ussat aýdym-saz sungatymyzda özara agzybirleşip çykyş etmäge hem giň ýol açdy.

Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýaşlaryň zehinini arşlandyrýan hem-de milli estrada sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýän Ata Watanymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymyzy aýdýarys! Ýaş aýdymçylarymyzyň sungat ýoly diňe üstünliklere we belent sepgitlere beslensin!

Jeren HALAPOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň uly mugallymy.

Başga habarlar
16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.

16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.