Habarlar

“Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13812/original-16adf6771e1c13.jpeg

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy galkyndyrmak, ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak hem-de olary beýik özgerdişleriň ruhunda terbiýelemek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň sazçylyk mekdepleriniň gatnaşmagynda guralan “Kinodünýäsiniň syrlary” atly bäsleşik hem bu aladalaryň aýdyň miwesine öwrüldi.

2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde milli kinolarymyza we olaryň ajap saz dünýäsine bagyşlanan şowhunly çäre geçirildi. Kafedra müdiri, uly mugallym Maýsa Mämmetjumaýewanyň guramaçylygynda ilkinji gezek geçirilen bu bäsleşik ýokary guramaçylyk derejesi we ýokary ruhubelentligi bilen tapawutlandy.

Bäsleşige milli saz bilimi edaralarynyň zehinli talyplary gatnaşdy:

• Sahydöwlet Saparow — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby;

• Işanýaz Agaýew — Ahal welaýat Ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň “Saz mugallymy” bölüminiň 2-nji ýyl talyby;

• Gurbandurdy Nepesow — Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň 3-nji ýyl talyby.

Milli kinolarymyz boýunça taýýarlanan 5 kynçylykly tapgyrdan ybarat bolan bäsleşikde gatnaşyjylar ekrandaky kadrlar, ses ýazgylary we ýatkeşlik testleri boýunça öz bilimlerini synadylar. Çäräniň iň gyzykly pursatlarynyň biri Türkmen kinosynyň altyn hazynasy bolan “Aşyr aganyň hötjetligi” kinofilmi boýunça berlen soraglar boldy.

Dartgynly we çekeleşikli geçen 5-nji tapgyryň netijesinde 15 sany film kadryny ýatda saklap aýtmak şertinde ýokary ýatkeşlik we ünsli görkezip, iň ýokary baly toplan Gurbandurdy Nepesow (Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby) bäsleşigiň 1-nji ýerini eýeledi hem-de esasy ýeňijisi diýlip yglan edildi.

Gatnaşyjylar we tomaşaçylar milli medeniýetimizi we sungatymyzy täze belentliklere göterýän, ýaşlaryň zehinini artderýan, şeýle unudylmaz çäreleri geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur sagbolsun aýtdylar.

Leýla Serdarowa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň mugallymy.

Başga habarlar
16adf70c337cb8.jpeg
Aşgabatda geçirilen «OGT — 2026» dünýä energetikasyna we hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

2026-njy ýylyň 21 — 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» (OGT — 2026) atly 31-nji halkara maslahat we sergi dünýäniň energetika senagatynyň öňdebaryjylary, esasy halkara korporasiýalarynyň bilermenleri we wekilleri üçin netijeli iş meýdançasyna öwrüldi.


16adf6b104a78d.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda takmynan 10 million dollarlyk eksport geleşikleri baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdäki söwdalarynda 10 geleşik hasaba alyndy.


16adefa726930c.jpeg
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar

«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

16adedc1d4023e.jpeg
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi

23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.


16addb7e7997f2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.