Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
3-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi, diýip TDH habar berýär.
Ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň şu saparynyň dowamynda «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergä we maslahata (CIET 2026) gatnaşjakdygyny belläp, Prezident Serdar Berdimuhamedow onuň alyp barýan işlerinde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky täze başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir.
Ýurtlarymyzyň arasyndaky ykdysady mümkinçilikleriň ulanylmagynda ýapon hyzmatdaşlarynyň uly goşandynyň bardygyny nygtap, döwlet Baştutany köp ýyllaryň dowamynda Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda taslamalaryň durmuşa geçirilendigini aýtdy. «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu kompaniýanyň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasy — polimer zawody guruldy we ulanmaga berildi.
Türkmenistanda taslamalary amala aşyranda öňdebaryjy tejribäniň we innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, ýokary hil ölçeglerine we ekologiýa talaplaryna laýyklygyň möhüm şert bolup durýandygyna ünsi çekip, Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny hem belledi.
Türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin minnetdarlyk bildirip, işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Türkmenistan Gazagystandan 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn alar
Türkmenistanyň «Türkmennebit» döwlet konserni Gazagystanyň öňdebaryjy «KSP Steel» kompaniýasy bilen 11 müň tonna sepsiz oturtma turbalaryny satyn almak boýunça ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkeziniň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň XIII sammitindäki çykyşy.
Türkmen milli konserwatoriýada ylmy-amaly maslahat geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde gurnalan “Fortepiano ýerine ýetirijilik ussatlygynyň tehniki kanunlary we täzeçe usullary” atly ylmy-amaly maslahat sazyň syrlaryny giňden açyp görkezdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň sammitine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Halkara söwda merkezinde Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sekizinji sammiti geçirildi.
Türkmenistan we Hytaý geljegiň strategik hyzmatdaşlygyny gurýarlar
Türkmenistanyň we Hytaýyň taryhy gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Bu döwürde iki ýurduň çäkleri Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwdanyň, medeniýetiň we ynsanperwer alyş-çalşygyň iň möhüm çatrygy bolup hyzmat edipdir.