Habarlar

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ýangyç-energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

https://www.ussatnews.com/storage/posts/13979/original-16b05679befff1.jpeg

23-nji noýabrda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnulliniň bilelikde başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Taraplar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça konstruktiw dialog geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garadylar hem-de köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ugurlary kesgitlediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmäge, ýangyç-energetika, senagat, oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür düzümleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi.

Ýokary we iň ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň aýratyn ornuna ünsi çekmek bilen, mejlise gatnaşyjylar bu duşuşyklaryň uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygy babatynda ylalaşdylar. Hökümetara, parlamentara we pudagara derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösmegine ýardam berýär.

Mejlisiň gün tertibine ulag-aragatnaşyk pudagyndaky hem-de sanly tehnologiýalar babatyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri hem girizildi. Ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim we ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryndaky we daşky gurşawy goramak babatyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga üns berildi.

Iki dostlukly ýurduň wekilleri maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda anyk teklipleri beýan etdiler. Mejlisiň jemleri boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 14-nji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

Başga habarlar
16affe81268764.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA gatnaşyjy döwletleriň parlament ýolbaşçylarynyň öňündäki ÇYKYŞY.


16afee64177f1e.webp
Halk Maslahatynyň Prezidiumy Türkmenistanyň ykdysady ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdy

18-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi.


16afe95e52b934.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy.

16afc1cc99e9e7.jpeg
Yslamabatda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi

16-njy noýabrda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 30-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.


16af5860cde284.jpeg
Gahryman Arkadag: Türkmenistan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagy ugur edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji noýabrda Antalýada Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitiniň plenar mejlisinde çykyş etdi.