Türkmenistanyň at gazanan artisti Eneş REJEPOWA

10:41 25.06.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1425/original-160d56c73dc2d0.jpeg

Köpsanly okyjylarymyzyň haýyşy boýunça biz ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň zehinli aýdymçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Eneş REJEPOWANY myhmançylyga çagyrdyk.

Däp bolşy ýaly, biz myhmany gül dessesi bilen garşyladyk. Soňra türkmen estradasynyň meşhur ýyldyzy bilen çaý başynda gürrüňdeş bolduk.

— Eneş, uly üstünlige tarap ýoluňyzyň başlaýşy barada gürrüň beräýseňiz!

— Men Aşgabadyň 26-njy orta mekdebinde bilim alýan wagtym sahna çykyp başladym, mekdepler arasynda — şäher, şeýle hem döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde birnäçe gezek ýeňiji boldum. Okuwdan boş wagtym höwes bilen aýdym diňleýärdim.

— Şol döwürde size haýsy aýdymçylar ýaraýardy?

— Men kiçiligimden halypalarym Annaberdi Atdanowyň, Maýa Kulyýewanyň, doganlar Berdiýewalaryň, Annagül Gurdowanyň aýdymlaryny diňlemegi gowy görýärdim. Halypalaryň nusgalyk ýollary maňa görelde mekdebi boldy. Mekdebi tamamlanymdan soň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdim. Şol döwürde Annagül Gurdowa bu ýokary okuw mekdebinde işleýärdi, bu ýerde men onuň bilen bir sahnada aýdym aýdypdym.

— Aýdym-saza höwesi, ukyby bolan gyz sungat mekdebine okuwa giräýjek ýaly welin...

— Men şol wagt aýdymçy bolaryn diýip pikir hem etmändim. Emma uniwersitete okuwa girenimden soň hem ýokary okuw mekdepleriň arasynda geçirilýän estrada aýdymçylaryň bäsleşiklerine gatnaşyp, birnäçe gezek ýeňiji bolmagy başardym, şanly senelere bagyşlanan konsertlerde hem çykyş etdim. Tanalyp başlanymdan soň, meni teleradioýaýlymlara çagyryp ugradylar. Talyplyk ýyllarymda maňa «Mawy yşyk» Täze ýyl gepleşiginde çykyş etmek bagty miýesser etdi. Hut şol aýdym-sazly gepleşikde eden çykyşym maňa ilkinji uly üstünligimi getirdi.

— Diýmek, «Mawy yşyk» size üstünliklere tarap ýol açypdyr, şol günüň ertesi bolsa, siz eýýäm meşhur aýdymça öwrülipsiňiz...

— Hawa. Şondan soň meni ähli ýerde diýen ýaly — okuwa barýan wagtym köçelerde, jemgyýetçilik ulaglarynda tanaýardylar, haýsy ýerde çykyş etsem-de, adamlar aýdymlarymy uly höwes bilen diňleýärdiler. Aýdymlarymyň tomaşaçylar tarapyndan söýlüp diňlenmegi mende üýtgeşik duýgulary döredýärdi, olar meniň kalbymy ganatlandyryp, aýdym aýtmak höwesimi artdyrýardy, sungata bolan söýgimi has-da berkidipdi.

— Aýdymçy bolmak barada netijä haçan geldiňiz?

— Uniwersiteti tamamlanymdan soň men bilim ulgamynda zähmet çekdim. Günleriň bir güni belli kompozitor Çary Hekimow öz studiýasyna işe çagyrdy, şol wagt bu ýerde Rejep Ulugow, Nurýagdy Tokgaýew, Rahym Selimow ýaly belli aýdymçylar aýdym aýdýardylar. Şonda aýdymy ykbalym edip saýladym. Şu ýerde işleýärkäm, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi boldum.

— Ene-ataňyz, ýakynlaryňyz aýdymçy bolmak babatda saýlap alan ugruňyza nähili garadylar?

— Kakam ömrüne mekdepde mugallym bolup işländigine garamazdan, dutar çalyp, aýdym aýtmagy gowy görerdi. Maşgalamyzda sekiz çaga bolup, men olaryň körpesidim. Biz hemmämiz aýdym-sazyň aşygydyk, şonuň üçin maşgalamyzda meniň saýlap alan ýoluma düşünmek bilen garadylar. Ýanýoldaşym hem garşy bolmady, onuň özi hem sazandady.

— Türkmen tomaşaçysy size aktrisa hökmünde hem uly sarpa goýýar. Kino gelşiňiz barada hem aýdaýsaňyz...

— 2007-nji ýylda kinorežissýor Gülälek Hezretkulyýewa meni «Dikgi we başgalar» atly filme surata düşmäge çagyrdy. Men hiç haçan kinoda surata düşmändim, durmuşda-da ýygralygym sebäpli ilki ýüz öwrenem bolsam, soň razylyk berdim. Şeýdip, filmde utanjaň gyzyň keşbini ýerine ýetirdim. Bu keşbi döretmek maňa agyr düşmedi, sebäbi gahrymanymyň häsiýetleri, esasan hem, ýygralygy, çekinjeňligi maňa golaýdy. Ol meniň iň gowy gören keşbim boldy. Şondan soň hem täze keşpleri hödürlediler, olary ýerine ýetirmek eýýäm kyn bolmady.

— Eneş, siz soňky ýyllarda ençeme döwlet sylaglaryna mynasyp bolduňyz...

— Hawa, men hormatly Prezidentimiziň biz — medeniýet we sungat işgärleri barada edýän atalyk aladasyny her ädimde duýýaryn. Gahryman Arkadagymyz biziň zähmetimize uly baha berýär. Maňa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmak bagty miýesser etdi, Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly ada, şeýle hem ýubileý medalyna mynasyp boldum. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize milli sungatymyzy ösdürmek barada edýän aladasy, meniň uly bolmadyk zähmetime beren ýokary bahasy üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etmek isleýärin.

— Şahyrlardan, kompozitorlardan we aýdymçylardan kimlere sarpa goýýarsyňyz?

— Şahyrlar Baýram Jütdiýewiň, Gurbannazar Ezizowyň, Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine, kompozitorlar Çary Hekimowyň, Sabir Rizaýewiň, Röwşen Nepesowyň sazlaryna aýratyn sarpa goýýan. Aýdymçylardan Hajy Ýazmämmedowyň, Hemra Rejebowyň, Bilbil Orazowanyň adyny tutasym gelýär.

— Öz dynç günüňizi beýan edäýseňiz!

— Meniň iki gyzym bar — Şasenem we Oguljan hem-de üç agtygym bar, olaryň ady Emine, Aly, Merýem. Dynç güni men olary we joralarymy, adatça, öýüme myhmançylyga çagyrýan, olar üçin dürli tagamlary taýýarlamagy gowy görýän, telewizor görmegi, kitapdyr gazet-žurnallary okamagy halaýan. Şeýle hem dynç güni şähere çykýan, söwda merkezlerine, bazarlara aýlanýan, adamlar bilen gürleşip, olar bilen surata düşýän.

— Siz adamlar bilen gürleşeňizde olar esasan, näme barada soraýarlar?

— Meniň, köplenç halatda, näme üçin başa barmadyk söýgi, aýralyk hakynda gussaly aýdymlary ýerine ýetirýändigim bilen gyzyklanýarlar. «Şol aýdymlar seniň durmuşyň bilen baglymy?» diýen ýaly sowallary berýärler.

— Eneş, siz dogrudanam aýdymlaryňyza bütin durkuňyz bilen berilip ynandyryjy ýerine ýetirýärsiňiz. Bu ussatlygyňyz halkymyzda siziň durmuşyňyza bolan gyzyklanmany hasam artdyrýar. Siz şonda adamlara näme jogap berýärsiňiz?

— Ýok, olar meniň durmuşym bilen bagly däl. Meniň ajaýyp, bagtly, döredijilige beslenen durmuşym bar, onuň manysyna öwrülen mähriban maşgalam bar. Şol aýdymlary bolsa, ýüregime ýakyn bolany üçin ýerine ýetirýän.

— Eneş, özüňizi bagtly saýýaňyzmy?

— Howa. Men özümi örän bagtly saýýan. Häzirki işleýän «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde döredijilikli zähmet çekmek üçin ajaýyp şertler bar. Bu köşgi medeniýetiň we sungatyň gülläp ösmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi açyp berdi. Maňa aýdymçy bolmak hem-de şu ajaýyp döwri wasp etmek mümkinçiligini peşgeş berenligi, çagalarymyň, agtyjaklarymyň arasynda şatlanyp gezýänligim üçin ykbalymdan müňde bir razy.

– Eneş, ýaş aýdymçylara maslahatlaryňyzy ýetiräýseňiz?!

Ýaş aýdymçylara halypa bagşylary köpräk diňlemegi, olaryň aýdymlaryndan täze zat öwrenmeklerini maslahat berýärin.

– Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuny täze aýdymlar bilen bezemegi niýet edinensiňiz?

– Elbetde. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylly mynasyp zähmet sowgatly garşylamak her birimiziň köňül arzuwymyz. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gün-günden gözelleşýän Watanymyza, bagtly durmuşymyza guwanyp, täze aýdymlaryň üstünde işleýän. Goý, hemişe eziz diýarymyzda, Arkadagly ýurdumyzda toýlar toýa ulaşsyn.

— Eneş, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size sungat äleminde uly döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Söhbetdeş bolan Ussa USSAÝEW,

ussatnews.com elektron gazetiniň baş redaktory.

Ussat news

Başga makalalar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.