Özbegistan satyjydan «Gazpromdan» türkmen gazyny satyn alyja öwrüldi
Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna gaz satyjydan alyja öwrüldi. Bu barada “Gazprom” kompaniýasynyň ýewro obligasiýalary boýunça resminamalaryna salgylanyp, “Interfaks” habar gullugy duşenbe güni habar berdi.
Özbegistan “Gazprom” kompaniýasyna 2018-nji ýylda 3 milliard 800 million kub metr tebigy gazy satdy. 2019-njy ýylda Özbegistan satýan gazynyň mukdaryny 4 milliard 900 million kub metre çenli artdyrdy. 2020-nji ýylda bolsa rus kompaniýasyna gaz satmagyny doly togtatdy. Ýakynda ýaýradylan resminamalar 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde hem özbek gazynyň rus kompaniýasyna satylmandygyny tassyklaýar.
Mundan başga-da, “Gazprom” 2020-nji ýyldan bäri Özbegistana türkmen gazyny iberip başlady. Iberilen tebigy gazyň mukdary 2020-nji ýylda 0,9 milliard kub metre, 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde 1 milliard 500 million kub metre barabar boldy.
Özbegistan rus kompaniýasyndan 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde özüniň Hytaýa eksport eden gazyndan (0,54 milliard kub metr) üç esse köp türkmen gazyny satyn aldy.
Maý aýynda özbek gazy bilen ýüze çykan ýagdaýy teswirlän “Gazprom” müdirliginiň başlygynyň orunbasary, “Gazprom eksport” kompaniýasynyň baş müdiri Ýelena Burmistrowa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň häzirki wagtda örän çalt depginde ösýändigini we Özbegistanda gazyň sarp edilişiniň ýokarlanýandygyny belläp, şol sebäpden kompaniýanyň sebitden, esasan hem, Özbegistandan satyn alýan tebigy gazynyň mukdaryny azaldýandygyny aýtdy.
“Gazprom” 2019-njy ýylda türkmen gazyny gaýtadan satyn alyp başlady. Şol ýyl Rus kompaniýasy Türkmenistandan 4 milliard kub metr tebigy gazy satyn aldy. 2020-nji ýylda türkmen gazynyň “Gazprom” kompaniýasyna satylan mukdary 4 milliard 700 kub metre (Özbegistana iberilen gazy hasaba almak bilen) çenli ýokarlandy. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa Türkmenistandan satyn alnan gazyň mukdary geçen ýylky 1 milliard 300 million kub metrden 2 milliard 200 million kub metre çenli artdy.
«Gazpromyň» Gazagystandan satyn alýan gazynyň möçberleri hem azalýar — 2018-nji ýylda 12,6 mlrd kub metrden 2019-njy ýylda 11,6 mlrd kub metre we 2020-nji ýylda 5,7 mlrd kub metre ýetdi. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde ibermeler 0,6 mlrd kub metre çenli aşaklady (2020-nji ýylyň degişli döwründe 2,2 mlrd kub metr), diýlip habarda aýdylýar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.