Türkmenistanyň we Hytaýyň gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar
Türkmenistanyň gaz ulgamynda taslamalary amala aşyrmak üçin Hytaýyň beren karzlaryny doly gaýtaranlygy baradaky habar daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň we dünýä metbugatynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.
Bu baradaky habarlary ABŞ-nyň, Russiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Ýakyn Gündogaryň we GDA girýän ýurtlaryň habar beriş serişdeleri – «Illinoisnewstoday», Barron's, Agence France Press, «Le Monde de L”Energie», Nebitgaz habarlar agentligi, AKIPRESS, Asharq Al-Awsat, Lebanonnews, The Times of India, Akchabar, Eurasia Today, Naharnet, Interfaks-Azerbaýjan, «Report.az», «Trend», «CentralAsia.news», «SNGToday» we beýleki habarlar agentlikleri, gazetler, belli internet-neşirler çap etdiler.
«Daşary ýurt karz serişdeleriniň doly we özwagtynda gaýtarylmagy öz borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşýän Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatly döwlet bolup durýandygyna şaýatlyk edýär» – diýip, žurnalistler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerini mysal getirýärler.
Bu waka aýratyn-da Hytaý Halk Respublikasynyň habar beriş serişdeleri üns berdiler. Köpsanly elektron neşirleriň - «Halkara energetika ulgamy (in-en.com)», «Hytaýyň gaz ulgamy (chinagas .org.cn)», «Sina. News» we beýlekileriň habarlarynda häzir Hytaýyň Türkmenistandan uly möçberde tebigy gaz satyn alýandygy bellenilýär. Şeýle hem biziň ýurdumyzyň tebigy gaza baý bolup, Galkynyş gaz käniniň bolsa, gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde ikinji ýatak bolup durýandygy nygtalýar.
Bulardan başga-da, Türkmenistanyň dünýäniň batly depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna girýändigi bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda hytaý neşirleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mir” döwletara teleradiokompaniýasyna beren interwýusynda getiren sanlaryny we maglumatlaryny bellediler. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, 2020-nji ýylyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterim derejede üpjün edildi. Tutuş garaşsyzlyk ýyllarynda bolsa Türkmenistanyň JIÖ 8,4 esse ýokarlandy.
Soňky 30 ýylyň dowamynda strategik taýdan möhüm hasaplanýan ýangyç-energetika pudagynda düýpli özgertmeler bolup geçdi diýip, hytaý habar beriş serişdeleri belleýärler. Türkmenistandan Hytaýa we Eýrana uzalyp gidýän gazgeçirijileri guruldy. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär.
Umuman, halkara synçylarynyň pikirine görä, Türkmenistanyň we Hytaýyň gaz ulgamyndaky gatnaşyklary iki ýurduň hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň bähbitlerine kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýar.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.