Ýer almanyň peýdasy

Berhiz lukmany Dueýn Mellor ýer almanyň saglyk üçin peýdasy hakynda gürrüň berdi. Bu önüm, hususan-da, C witaminine baýdyr. 150 gram ýer almada bu witaminiň gündelik zerur mukdarynyň 15%-ini öz içine alýar.
Ýer alma immunitetiň işleýşine oňyn täsir edýär we bogunlar üçin zerur bolan birleşdiriji dokumanyň döremegine kömek edýär. Mundan başga-da, ol bedende fermentleriň işlemegi üçin peýdaly bolan B6 witaminine baýdyr.
Şeýle hem lukman ýer almanyň nerw ulgamynyň durnukly bolmagyna hem goşant goşýandygyny belläp geçdi. Lukman bu önümiň ýokumy barada hem aýdyp geçdi. Ol ýer almanyň ýokumynyň bananyňkydan has azdygyny aýtdy we artykmaç agram almazlyk üçin ony gaýnatmagy ýa-da buglamagy maslahat berdi.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.