Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitlendi

17:58 09.08.2021

https://www.ussatnews.com/storage/posts/1683/original-16111268e935a6.jpeg

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi.

Ýokary derejeli Foruma Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sammite gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň garamagyna hödürlemegi teklip etdi, onda bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitleniler.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, energetika Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň esasy düzüm bölegi bolup durýar diýip belledi. Biziň ýurdumyzyň başlangyç bilen çykyş etmeginde, ykdysady ösüşiň möhüm ýagdaýy hökmünde energiýa serişdeleriniň iberilişiniň ygtybarlylygy we durnuklylygy barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalaryny sebitiň döwletleriniň birnäçe gezek we biragyzdan goldamagy munuň subutnamasy boldy.

Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň işjeň we doly görnüşde gatnaşmagy arkaly amala aşyrylmagynyň zerurdygy hem-de bu hyzmatdaşlygyň sebitiň içinde bolşy ýaly, onuň daşarky çäkleri boýunça hem kuwwatly energetika düzümini döretmäge gönükdirilmelidigi aýdyňdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna özara bähbitli şertlerde ýa-da olaryň çäkleriniň üsti bilen daşarky bazarlara öz tebigy gazynyň iberilişiniň möçberini ep-esli artdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Goňşy Özbegistana türkmen tebigy gazynyň iberilmegi, Türkmenistan –Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisiniň gurlup ulanylmaga berilmegi gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň mysallaryna öwrüldi. Häzirki wagtda Türkmenistan –Hytaý gaz geçirijisiniň täze ugrunyň taslamasyny düzmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek meýilleşdirilýär. Şol ugur Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäklerinden hem çekilip bilner.

Şeýle mysallary elektroenergetika ulgamynda hem getirip bolar. Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlaryndaky kuwwatlyklary Merkezi Aziýanyň döwletlerine elektroenergiýanyň iberilişini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ulag ulgamy Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, Merkezi Aziýa-Hazar-Garadeňiz sebiti ugry boýunça Gündogar Ýewropa çykalgasy boljak, şeýle hem Merkezi Aziýa-Ýakyn Gündogar ugry boýunça täze ulag-kommunikasiýa ýollaryny kemala getirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça hökümet derejesinde bäştaraplaýyn işçi toparyny döretmek baradaky teklibini beýan etdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky doly derejeli söwda-ykdysady gatnaşyklary dikeltmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak bu gün möhüm wezipe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada ykdysady we telekeçilik işjeňligine ýardam bermek boýunça Işewürler geňeşini döretmek baradaky meselä garamagy teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durnuklylygy bilen bagly meselelere ünsi çekip, goňşy Owganystandaky ýagdaýyň durnukly däldigini, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhetlerinden uzakda bolmadyk beýleki birnäçe sebitlerde hem dawaly ýagdaýlar bar. Biz doganlyk döwletler we halklar hökmünde umumy öýümiz bolan Merkezi Aziýanyň berk we durnukly bolmagy üçin parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy hem-de özara düşünişmegi ähli güýçlerimiz bilen pugtalandyrmalydyrys diýip, milli Liderimiz nygtady.

Koronawirusyň pandemiýasyna garşy göreşmek, COVID-19 sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleri azaltmagyň derejesi gönüden-göni bagly bolan meseleleri çözmäge hem ulgamlaýyn we ýokary hünär ussatlygy derejesinde çemeleşmegi talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezini döretmegiň maksadalaýyk boljakdygy barada pikirini aýtdy.

Merkezi Aziýada ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak hem sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine degişlidir. Gürrüň, ilkinji nobatda, Araly halas etmek, ýerleriň ýaramazlaşmagyna we çölleşmegine garşy göreşmek, buzluklary gorap saklamak we suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmak barada barýar.

“Biziň öňümizde möhüm we uly wezipeler durýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň şol wezipeleriň hemmesiniň hötdesinden gelip biljekdigine ynaýaryn. Şu günki duşuşyk hem-de döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarynyň yzygiderliligi şol wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir” diýip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Forumda parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmek, syýasy, söwda-ykdysady, maýagoýum, suw-energetika, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer ulgamlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen anyk tekliplerini aýtdylar.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň bäşisiniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň wekilleriniň çykyşlarynda söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-aragatnaşyk pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri gozgaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň hem-de olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlar we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hem-de hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74-sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine aldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalarynyň 11-sine gol çekildi. Olar aýry-aýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassyklady. Olaryň hatarynda Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Senagat we täze tehnologiýalar ministrliginiň arasynda Nebit önümlerini we suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça özaradüşünişmek hakynda ähtnama bar.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunda guralan sebitiň ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisine baryp gördüler.

Görkezilen diwarlyklar milli ykdysadyýetleriň esasy pudaklaryny ösdürmekde, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk, oba hojalyk, ulag we logistika, awtomobilgurluşyk, dokma we azyk senagaty ulgamlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazanan üstünliklerini beýan etdiler.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň sergi bölümlerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň häzirki ösüş derejesi görkezildi.

Tebigy gazyň tassyklanan gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär, häzir ol Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” esasy iberijileriň hataryna girýär. Geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de baý uglewodorod gorlary netijesinde ýurdumyz Ýewropanyň we Aziýanyň bazarlary bilen birlikde dürli ugurlar boýunça gazyň eksportuny artdyrmak üçin ägirt uly kuwwata eýedir.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin gazdan peýdalanmagyň mümkinçiligini artdyrmak we energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilişini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategik ähmiýete eýedir. Ýangyç-energetika toplumyna degişli ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty nebitgaz senagatynyň kuwwatyny netijeli ulanmaga, känleri gaýtadan işlemegiň döwrebaplaşdyrylan tehnologiýalaryny we usullaryny peýdalanmaga, daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, Hazaryň türkmen böleginiň hem-de kenarýaka zolagynyň uglewodorod serişdelerini özleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmenistan işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny, hemme şertleri döredip, energetika ulgamynda uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge ymtylýar. Nebitgaz toplumynyň ösdürilmegine örän uly serişdeler gönükdirilýär, şu maksatlar üçin daşary ýurt maýa goýumlary çekilýär, sebit we halkara ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň Halkara festiwalyna gatnaşdylar hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gala-konsertine tomaşa etdiler.

Ählumumy parahatçylygyň hätyrasyna dostluk we agzybirlik mowzugy Türkmenistanyň gözel künjeginiň amfiteatrynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlarynyň esasyny düzdi. Konsertiň baý mazmunly döredijiliginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň halk we häzirkizaman sungatynyň ajaýyplygy we özboluşlylygy öz beýanyny tapdy.

Baýramçylyk agşamy gojaman Hazaryň garaňky asmanyny ýagtyldan ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy.

Başga habarlar
16645e5971833b.jpeg
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy


16645d49768862.jpeg
Nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda nebitgaz toplumynda zähmet çekýän hünärmenleriň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.


16645019928544.jpeg
Ylmy-amaly maslahat geçirildi

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI we bu institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.

16644f78354271.jpeg
8-nji tapgyr

8-nji tapgyr


16644d39269da2.jpeg
Energetika ministrligi, “Türkmengaz” we GIZ özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

14-nji maýda Türkmenistan bilen Ýewropa bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygyna başgyşlanyp geçirilen maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişlik dabarasy geçirildi diýip, ORIENT habar berýär.