Hoz sowuklamadan goraýar

Hoz – iň peýdaly iýmitleriň biri hasaplanylýar. Onuň düzüminde gan damarlaryny berkidýän E witamininiň we immuniteti berkidýän C witamininiň köp mukdary bardyr. ABŞ-nyň Brigam zenan hassahanasynyň alymlary her günde hoz iýmegiň sowuklamanyň derejesini peseltmäge ukyplydygyny tassyklaýarlar. Adam näçe köp hoz iýse, şonça hem sowuklama biomarkerleri pes bolýar.
Mundan ozal, alymlar ýürek-damar keselleriniň we ikinji görnüşli süýji keseliň peselmeginde hozuň peýdasy barada habar beripdiler. Şeýlelikde, hoz hakykatdan hem ulgamlaýyn sowuklamanyň derejesini peseltmäge ýardam berýär. Şeýle hem hozlar yzygiderli peýdalanylan halatynda keselleriň ötüşmek howpunyň hem azalýanlygy barada alymlarda maglumatlar bar. Hoz ýatkeşligi berkidýär, ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, ýüregi we bagry goraýar. Hoz aterosklerozyň we ýokary gan basyşynyň öňüni almakda örän peýdalydyr.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.