Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet SAPAROW

16:36 09.11.2020

https://www.ussatnews.com/storage/posts/198/original-15fa929c57b8c9.jpeg

Hakyky sungat ynsanyň kalbyny baýlaşdyrýar, dünýäsine nur çaýýar, ruhuny belende göterýär. Şirinden-şirin aýdymlary bilen halkyň aňyna ornan Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet SAPAROWYŇ «Bagt näme», «Diwana men», «Garaşarmyň Maýam maňa», «Bilmen» ýaly ajaýyp aýdymlaryny diňleýjiler uly höwes bilen diňleýärler. Biz hem mahmal owazly köpüň söýgüsini gazanan halypa aýdymçymyz bilen guran söhbetdeşligimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

— Akmuhammet aga, golaýda bag ekmek çäklerinde sungat ussatlarynyň çykyş etmegi bu dabaralaryň üstüni ýetirip, baýramçylyk öwüşginini artdyrdy!

— Hawa, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen bag ekmek boýunça ählihalk çäresi sungat ussatlarynyň ýatlarynda hemişelik galar. Sungat älemindäki ýadawsyz zähmetime Döwlet Baştutanymyzyň ýokary baha bermegi meni täze gözleglere ruhlandyryp, täze bir ömür berdi. Aýdym-saz hazynamda bar bolan aýdymlaryň üstüni ajaýyp Watanymyzyň ösüş-özgerişlerini wasp edýän aýdymlar bilen ýetirmegi maksat edinýärin. Hormatly Prezidentimiz – biziň hemmämiziň halypamyz. Ol saz çalmakda-da, aýdym aýtmakda-da, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmakda-da medeniýet, sungat işgärlerine görelde mekdebi bolup durýar. Biziň sungat älemindäki çekýän zähmetimize uly baha berip, üstünliklere, täze-täze eserler döretmeklige ruhlandyrýar. Geljekde Watanymyzy, asuda asmanymyzy, ene topragymyzy, belent söýgini taryplaýan aýdymlary döredip, aýdym-saz muşdaklaryna ýetirmekligi maksat edinýärin.

— Aýdym-saz älemine gelşiňiz, sungatyň bu ugrunda «özüňizi tapmakda», kämilleşmekde goltgy bolan halypalaryňyz barada aýdaýsaňyz!

— Biziň maşgalamyz aýdym-saza sarpa goýýan, ony söýýän maşgala. Kakamdyr ejem meniň sungata bolan höwesimi duýup, aýdym aýdanymda üns bilen diňleýärdiler. Bu sungata imrinmegimde esasan-da enemiň uly yhlasy bardyr. Enem wäşi, gürrüňçil zenandy. Şol bir wagtda-da aýdyma bütin durky bilen berlip hiňlenerdi. Şol owazdan gulagym ganan bolmaly. Elime gitara alyp, aýdym aýdanymda, hemişe enemiň ak pata berip duran keşbi göz öňümde janlanardy.

Sungat äleminiň ägirdi, Türkmenistanyň halk artisti halypam Öwezgeldi Tekäýewiň ýanynda bolup, aýdymyň inçe syrlaryny öwrendim. Halypa şägirdini sungatyň hakyky mekdebine gönükdirýär. Şägirdine diňe bir aýdym-sazy öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, sahnada, halkyň içinde özüňi alyp barmagyň hem inçe tärlerini öwredýär. Öwezgeldi halypa-da şeýle ynsanlardandy. Ol hemişe irginsizligi, gözlegde bolmagy ündärdi. Ynsan öňde goýan maksadyna ýetmek üçin ömrüniň dowamynda gözleýär, göreşýär, öwrenýär, tejribe toplaýar.

— «Ata kesbi ogla halal» diýen ajaýyp pähimiň näderejede hakykatdygyna siziň maşgalaňyzda-da göz ýetirmek bolýar. Ogullaryňyz Şöhratdyr Baýramhanyň hem siziň ýoluňyzdan gitmegi ata üçin uly mertebedir eýsem ...

— Bagtly, döwletli, agzybir maşgalam bar. Gol doly maşgalamda, üç perzendi edep-ekramly, Watana gerekli ynsanlar edip ýetişdirmekde maşgalam bilen yhlasymyzy gaýgyrmadyk. Şöhrat hem Baýramhan, gyzym Şirinjan, maşgalam aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Menem, ogullarymam aýdymçy bolandan soň, täze aýdymy ýazga geçirmezimizden ozal ony diňleýäris, ara alyp maslahatlaşyp, kem-käs ýerleri bolsa täzeden işleýäris. Bu bolsa aýdymyň şowly çykmagyna ýardam edýär. Ogullarym, köplenç, meniň irki döwürde aýdan aýdymlaryma täze röwüş berip kämilleşdirýärler. Täzeden işlenen aýdym diňleýjilere ýaraýar.

Ajaýyp zamanamyzda, döwletli-döwranly döwrümizde medeniýete, sungata uly üns berilýär. Mundan beýläk hem türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmegine maşgalamyz bolup goşandymyzy goşarys. Biziň döredýän aýdymlarymyzyň aýdym-saz muşdaklarynyň kalbynyň töründe ýer etmeginde diňe meniň däl, eýsem, ogullarymyň uly paýy bar. Tüweleme, bilşiňiz ýaly, Şöhrat diňleýjileriň arasynda aýdýan aýdymlary bilen abraý gazandy. Çeken zähmeti göz öňünde tutulyp, oňa hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Bu bolsa ata üçin uly mertebe, buýsanç. Baýramhan hem labyzly aýdymlarynyň halk köpçüligine ýaraýandygyny ykrar etdi. Diýmek, meniň olara halypalyk edip, eden yhlasymyň ýerine düşendigi bolýar.

— Halypalaryň belleýşi ýaly, sungat adamy halk bilen bir bitewi bolmaly...

— Dogry, diňleýji bilen aýdymçynyň arasynda üzňelik bolmaly däl. Halk bilen sungat adamynyň arasy näçe golaý bolsa, şonça-da tejribe toplamaga ýardam edýändigini halypalar hemişe tekrarlardy. Diňleýjiniň islegini bilmek, onuň bahasyny duýmak aýdymçy üçin iň gerekli zat eken. Halkyň içinde bolmaly, aýdymlaryň bilen, owazyň bilen olaryň ýüreginden, kalbyndan ýer almaly. Ýaňy ýokarda-da bu barada aýdyp geçdik, halk bilen aýdymçy bile bolanda, gowy eserleriň döremegine gönezlik bolýar. Halkyň ýüregindäkini bilmek biziň borjumyz.

Ajaýyp döwrümiziň, eşretli zamanamyzyň waspyny ýetirmek her bir döredijilik işgäri üçin uly buýsançdyr. Ýaş aýdymçylarymyzy diňläniňde begenýärsiň. Ýaş nesillerimiziň geljegi üçin hormatly Prezidentimiz ähli mümkinçilikleri döredýär. Türkmen halkynyň milli medeniýetine, sungatyna çäksiz sarpa goýup, onuň kämilleşmegi ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

— Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Size sungat äleminde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Ýazgül ANNAÝEWA,

USSAT NEWS.

Başga makalalar
1643677beb7b0f.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Annagül GURDOWA

Köp sanly okyjylarymyzyň islegleri boýunça ýurdumyzyň meşhur aýdymçysy, türkmen estradasynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň ýokary derejeli aýdymçysy Annagül GURDOWA ussatnews.com elektron gazetiniň redaksiýasynda myhmançylykda boldy.


164204365be94e.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew

Döwlet we jemgyýetçilik işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew türkmenistanlylaryň häzirki nesliniň öňünde monumental keşpde janlandyrmak hukugyna köpugurly döredijiligi, türkmen edebiýatynyň, kinosynyň we teatrynyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandy üçin mynasyp boldy.


1635eb270cd9e8.jpeg
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül GURDOWA

Ömrüni teatr sungatyna, aýdym-saza bagyşlan, çyn zehini, ukyp-başarnygy bilen türkmen sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady derejesi boýunça artist-wokalisti (solisti), «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi Orazgül GURDOWA tutanýerliligi, talapkärligi, erjelligi, işjanlylygy, mylakatlylygy, hoşamaýlygy bilen ýaşlara görelde.

161cd265ce8819.jpeg
«Aýbölek» mebel fabriginiň baş direktory Meretmuhammet Täçmuhammedow

Türkmen paýtagtynda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde üstünlikli işleýän iri hususy kärhanalar milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynyň batly depginler bilen artýan kuwwatyny görkezýär.


160ffed96bd9ca.jpeg
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOW

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň sesine ses goşup, «Siz — Watan Serweri, ýaşa, Arkadag!», «At üstünde belent ykbal, Arkadag!», «Ýör öňe, ýör öňe Arkadag bilen», «Parahatçylyk senasy», «Ak kepderi älem-jahan bagtynda» ýaly eserleri bilen ajaýyp döwrüň beýik işlerini wasp edýän halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi ANNAMYRADOWYŇ ýüreginden çykýan joşgunly sözlerinde Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza bolan beýik söýgi bar.