Peýdaly maslahatlar

Güýz paslynda peýdaly gök önümler we miweler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2047/original-1616472d0ec0d8.jpeg

Sentýabr we oktýabr ýylyň iň datly miweleriniň ýetişýän aýlarydyr. Täze hasylyň gök önümleri tomus günleriniň hemmesini özüne siňdirip, sagdyn we tagamly , beden üçin ýokumly witaminleri özünde jemleýär.

Alma - nerw ulgamyny berkidiji we ukyny gowy sazlaýjy miwe hasaplanylýar. Ol diňe bir örän tagamly bolman, eýsem örän peýdalydyr: almalarda dürli witaminler bar. Olaryň düzümindäki C witamini, güýzde çagalar üçin aýratyn möhüm bolan immunitet üçin jogapkärdir. Şeýle hem alma ýitirilen fiziki güýçden soň dikelmek üçin peýdaly - organiki kislotalary özünde jemleýän energiýa çeşmesi. Onuň içindäki fosfor beýniniň işjeňligini güýçlendirýär we nerw ulgamyny sazlaýar.

Bu miwä başgaça "işdä witamini" hem diýilýär. Sebäbi ol adaty iýmit siňdiriş we kadaly ösüş üçin zerurdyr.

Şetdaly diňe bir ýakymly tagam bermän, bedeni witaminler bilen üpjün edýän süýji, şireli we reňkli miwedir. Şetdaly miweleriniň diuretik we ýumşak laksatif täsiri bar.

Şetdaly ganazlyk we gastritli näsaglar, ýürek-damar işiniň bozulmagy üçin peýdalydyr. Bu miweler sowuklama, witamin ýetmezçiligine we ýokanç kesellere garşy ajaýyp profilaktiki serişdedir. Şetdaly, esasanam, püresi, şireleri, kompotlary we konserwalary ýasamak üçin ulanylyp bilner.

Merdan ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a6b1a1f1ce92.jpeg
Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler.


16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.