Barkindo: OPEC Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar
Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny berkitmäge taýýar. Bu barada OPEC-niň Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo şu gün Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» 26-njy halkara maslahatyna gatnaşyjylara wiseoýüzlenmesinde aýtdy.
«Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) özara gyzyklana bildirilýän meseleleriň birnäçesi boýunça, ilkinji nobatda, halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek ulgamynda gatnaşyklary berkitmäge taýýar» diýip, OPEC-iň ýolbaşçysy belledi.
Barkindo OPEC we Türkmenistan gatnaşyklarynyň uly mümkinçilige eýedigini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, Garaşsyzlygyny alan wagtyndan bäri Türkmenistan ykdysadyýetiniň depginli ösmegi netijesinde ýokary sepgitlere ýetdi. Şol bir wagtyň özünde Barkindonyň bellemgine görä, nebitgaz senagaty ykdysady ösüşlerde möhüm orny eýeledi.
Ählumumy energoulgamyň geljegine bagyşlanan plenar mejlisde onlaýn görnüşde çykyş edip, Barkindonyň nygtaýşy ýaly, çaklamalara görä, nebit energetiki deňagramlylykda öz agalyk ediji ornuny saklap galar. Garaşylyşy ýaly, 2045-nji ýyla çenli nebit dünýä boýunça energiýa zerurlygyň 28%-ni üpjün eder.
Barkindonyň aýdan çaklamalaryna görä, dünýäde nebite bolan isleg 2020-nji ýylda günde 90,6 mln barrel bilen deňeşdirilende 2045-nji ýylda bu görkeziji günde 108,2 mln barrele ýeter.
Şol bir wagtyň özünde, OPEC-iň baş sekretarynyň belleýşi ýaly, gaza bolan isleg 2020-nji ýyldan 2045-nji ýyl aralygynda nebit barabarlygynda 21,6 mln barrel artar. Bu bolsa, 2045-nji ýylda gaza bolan umumy islegiň günde 85,7 mln barrel nebit barabarlygyna ýetjekdigini, ýagny energiýa sarp edilişinde ululygy boýunça ikinji ýangyç boljakdygyny görkezýär.
Ozon gatlagyny goramagyň halkara güni mynasybetli makala ýazmak boýunça bäsleşik yglan edilýär!
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde bilim alýan 10-12-nji synp okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň arasynda makala ýazmak bäsleşigini yglan edýär.
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi sanly tehnologiýalary ornaşdyrýar
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi nebitgaz pudagy üçin ýokary taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen sanly infrastrukturasyny ösdürýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde okuw işine balkanabatnohom.edu.tm resmi saýty arkaly Moodle platformasy, «eTalyp» programmasy, elektron kitaphana, şeýle hem elektron resminama dolanyşygy we hasaba alyş ulgamlary girizildi.
Berkarar döwletiň talyplarynyň köňül kelamy
Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna täze ylym-bilim ojaklary gurlup ulanylmaga berilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem täze ýokary okuw mekdepleri, umumybilim berýän orta okuw mekdepleri ulanylmaga berildi. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ilerleýändigini görkezýär. Şu ýyl hem arzuwlary myrat tapyp, ýokary okuwa giren ýaşlar örän köpdür. Olaryň arasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine täze okuw ýylynda talyplyga kabul edilen ýaşlar hem az däl.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.