Palçyk wulkanlary tebigy gazyň buşlukçysydyr

23:20 06.10.2020

https://www.ussatnews.com/storage/posts/24/original-15f7cb57a34a87.jpeg

Taryha ser salsaň, türkmen topragy örän irki döwürlerden bäri nebit bilen bir hatarda tebigy gazlary hem öz goýnunda saklaýan hazyna hökmünde bellidir. Nebit-gaz çykarmakda ady şöhrata dolan Esenguly (Çekişler) sebitinde gazyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmagy geçen asyryň başlarynda palçyk wulkanlarynyň ýeriň ýüzüne atylyp çykmagy bilen şol wagtky syýahatçylaryň, barlagçylaryň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň ünsüni özüne çekipdir.

Şoldur-da şoldur, bu sebitiň meýdançalarynda örän baý çig mal gorlarynyň bardygynyň subutnamasy we olaryň (wulkanlaryň) ýeriň ýüzüne çogup çykyp duran alamatlarynyň bardygy dürli ýyllarda geçirilen geologiýa-gözleg, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işleriniň geçirilmegine sebäp boldy. Diýmek, nebit bilen gazyň hem ýeriň ýüzüne çykan alamatlarynyň bardygyna esaslananyňda has çuňlukda ýerleşýän gatlaklarda-da gaz toplumly ýataklardyr känleriň üstüniň açyljakdygyna güwä geçýärsiň.

Palçyk wulkanlary nebitiň we gazyň güýçli basyşy arkaly gatlaklardan böwsülip, ýeriň ýüzüne ýa-da deňziň içine köp mukdarda läbik çykmagyndan emele gelýär. Şol läbikler bolsa gury ýerde beýikli-pesli konus görnüşli depeleri emele getiripdir. Bu palçyk wulkanlaryň arasynda deňiz derejesinden has belentde ýerleşýänleri-de bar. Olardan Akpatlawuk 62 metre, Gökpatlawuk 95 metre, Gögerendag 107 metre barabardyr. Häzirki wagtda bu palçyk wulkanlaryň daş-töwereginde nebit-gaz gözlemek üçin birnäçe buraw guýulary seleňlenişip görünýär. Şu wagta çenli şol wulkanlaryň köpüsi sönse-de, olar nebit we gaz agtarmakda esasy buşlukçy bolup hyzmat edýär. Umuman aýdanyňda, düzüminde gaz bolan palçykly wulkanlaryň atylyp çykmagy diňe biziň ýurdumyzda däl-de, goňşy Azerbaýjan döwletinde-de ýeriň çuň jümmüşinden (deňzi hasaba almak bilen) onlarça hat-da ýüzlerçe metr ýokary atylyp çykmagyna metan we beýleki uglewodorodlaryň ägirt uly gorlarynyň toplanmagy netijesinde döreýänligini alymlar kesgitleýärler.

Palçyk wulkanlarynyň geografik ýerleşişini öwrenip, geolog A.I.Kosygin köp wulkanlarda gazdan başga-da, ýeriň ýüzüne akyp, yz galdyryp ýatan toşap reňkdäki nebit alamatyny we kükürt üýşmeklerini ýüze çykarypdyr. Esasan-da Esenguly sebitinde palçyk wulkanlary Keýmir, Akpatlawuk meýdançalarynda ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmekde gözlegiň seýsmiki usuly möhüm ähmiýete eýe boldy.

1936-njy ýylda Keýmir meýdançasynda taslama çuňlugy 1500 metre ýetýän 3-nji guýy burawlanyp, ýeriň üstünden 200 metrden 1000 metr aşakdaky gatlaklarda gaz alamatlaryna duş gelnen bolsa, 1500 metr çuňlukdan nebit gaýmajyklary bolan gaz çykdy. Munuň özi ýeriň jümmüşine aralaşdygyňça, nebitiň senagat möçberdäki toplumyna hem duş gelinjekdigini aňladýar. Nebit gaýmajykly gazly guýular Akpatlawuk, Keýmir we Kaliskiý wulkanlarynyň töwereklerinde-de burawlanyp, olardan alnan gaz we nebit gaýmajyklary laboratoriýa şertlerinde derňew edildi.

Esenguly sebitinde ilkinji gezek rus geology, XIX asyryň ahyrky çärýeginde Zakaspiniň geologiýasyny öwrenen alym F.Maýewskiý ýeriň jümmüşinde gazyň ägirt uly gorunyň bolmalydygyny bu ýerdäki Keýmir atly wulkan depelere salgylanmak bilen öz ylmy işlerinde käbir gyzykly maglumatlary ýazyp görkezýär. Şondan soňra rus geology K.P.Kaliskiý hem 1913-nji ýylda Geologiýa komitetiniň tabşyrygy boýunça bu sebitiň geologiýasyny öwrenmekde birnäçe geologiýa-barlag işlerini alyp barýar. Bu barlag işleriniň netijesini jemläp, ol bu sebitde ýerleşýän Gaýnaýan depe, Çekişler, Tüýnükli, Porsy, Akpatlawuk we Gökpatlawuk ýaly palçyk wulkanlary barada giň düşündiriş berýär we olar esasynda bu ýerlerde nebit bilen gazyň hem barlygyna özüniň geçiren geologiýa-gözleg we ylmy-barlag işlerinde göz ýetirýär.

Türkmenistanyň çäklerinde 1913-nji we 1928-1931-nji ýyllarda Kaspi deňziniň günorta-gündogar kenarynda ýerleşen Çekişler sebitiniň ýerüsti gurluşy (tekizligi) her ýerde görünýän palçykly wulkanlaryň hereketi bilen dörän göterilmeler netijesinde bozulýar. Hut şu ýerlerde geologik emele gelmeleriň döwri başlanyp, wulkanlaryň ösüşi we häsiýeti barada maglumatlaryň toplanmagynyň esasy ýeke-täk çeşmesine öwrülýär. Bu sebitlerde gazly wulkanlaryň emele gelmegi ýeriň jümmüşinde belli bir çuňluklarda öýjükli giň ýataklar bolup, geljekki gaz känleriniň döremegine sebäp bolupdyr. Mundan başga-da, ýeriň ýüzüne çykan wulkanlaryň dürli çuňluklarda ýerleşen köp sanly nebit-gaz doýgunly gatlaklaryň baslygyp ýatmagy Çekişler sebitiniň geologiki şertlerini düýpli öwrenmek üçin peýdaly maglumatlaryň alynmagyna ýardam etdi.

1930-njy ýyllarda geologiýa-barlag we Nebit-gaz geologiki gözleg institutlary tarapyndan guralan ekspedisiýanyň esasy maksady tutuş Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny ýüze çykarmakdan we olary barlap, öwrenip, netije çykarmakdan ybarat bolupdyr. Çekişlerden başga-da, Çeleken ýarym adasynda, Nebitdag we Boýadag sebitlerindäki wulkanlardan bölünip çykan gazyň, suwuň we nebitiň nusgalaryndan alnan maglumatlar Balkanýaka nebit-gazly ýerler bilen deňeşdirmäge esas bolup hyzmat edipdir.

Çekişler sebitiniň ýerüsti şertleriniň ýazgysy bilen çäklenmän, 1928-1931-nji ýyllarda Gaýnaýan depe, Çekişler suwasty wulkany, Akpatlawuk, Kaliskiý wulkanlary, Keýmir, Gökpatlawuk we Porsy diýlip atlandyrylan ýerleriň gazly palçyk wulkanlary we olaryň üýtgeýiş häsiýetleri barada hem durup geçmek artykmaçlyk etmese gerek.

Gazly wulkan toparlarda Esengulynyň 4 kilometr golaýynda ýerleşen Gaýnaýan depe wulkanly meýdanda gaz bilen birlikde toýunly palçygyň we suwuň atylyp çykmagy barlaýjylaryň ünsüni özüne çekipdir. 1928-nji ýylda bu meýdanda 14 sany aýry-aýry gaz grifanlary (wulkanlary) bellenilip, olaryň bir bölegi ir sönen bolsa, beýlekileri hereketde bolup, olaryň düzüminde 4,95%-den 16%-e çenli kömürturşy gazly we köp möçberde, ýagny 65%-den 93,88%-e metandan ybarat gaz bölünip çykypdyr. 1930-njy ýylda Esengulydan 15 kilometr daşlykda Kaspi deňziniň içinde bir gije-gündizde gaz çykymy 3000-5000 kubmetr bolan suwasty wulkanyň üstünden barlypdyr. Barlag üçin alnan maglumatlarda gazyň düzüminde 2,4% kömürturşy gazyň, 88,34% metanyň, 2,93% etanyň, 1,83% propanyň we 0,60% agyr uglewodorodlaryň barlygy kesgitlenildi. 1931-nji ýylda «Baky ot» atly Kaliskiý wulkanlarynda gaz düwmejikleriniň çykmagyna gözegçilik edildi. Bu wulkanlar toplumy Çekişler nebitgazly meýdançanyň we umuman barlagçy hökmünde Türkmenistanyň ýerasty baýlyklarynyň üstüni ilkinjileriň biri bolup açan K.P.Kaliskiniň ady bilen baglanyşyklydyr. Kaliskiý wulkanyndan alnan gazyň düzüminde 4,05% kömürturşy gazyndan we 95,9% metanyň, etanyň, propanyň bilelikdäki düzüminden ybaratdygy anyklandy. Bir ýyldan soňra çuňlugy 3,5-4 metr we diametri 1,5 metr bolan konus görnüşli bu wulkandan diňe goýy palçyk çykyp, ýanardagyň agzyny (kraterini) doldurypdyr. Şeýle-de bolsa, bu wulkandan wagtal-wagtal ot degse alawlap gidäýjek ýaly bolup görünýän gaz düwmejikleriniň peýda bolýandygyny ýerli ilatyň adamlary tassyklaýar.

Nebitgaz gözleginde buşlukçy bolup hyzmat edýän Akpatlawuk 1928-nji ýyldan bäri bütinleý sönen diýen ýaly, hiç hili özgerişleri başdan geçirmändir, ýagny janly hereket (wulkanyň güýji) ýüze çykmandyr. Emma Gökpatlawukda azajyk möçberde gazyň güýji bolsa-da, ýanardagyň agzyna çenli palçyk erginleri bilen dolup, ýüzünde iri gaz düwmejikleri göze görnüp başlapdyr we her ýarym sagatdan bolsa güýçli gaz çüwdürimi atylyp çykypdyr. 1931-nji ýylda Gökpatlawuk palçykly kölünde suwuklygyň derejesi 2 metr aşak gaçypdyr, palçykly ergin arassa suwa geçipdir we onuň düýbünde açyk çal reňkli gyrmança çöküp galypdyr. Kölüň üstüniň diametri 40 metre deň bolup, üç ýyldan soň 30 metre çenli kiçelipdir. Gökpatlawukda gazyň möçberi 2 kubmetrden geçmändir we kem-kemden ýitip gidipdir. Gaz düwmejikleriň örän ujypsyzlygy sebäpli, laboratoriýada barlag geçirmek üçin onuň nusgasyny almak başartmandyr.

1931-nji ýylda wulkanlaryň Porsy atly toparynda1928-nji ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli üýtgeşmeler bolupdyr, ýagny kölüň iç ýüzünde bir sany gazly grifon emele gelip, ondan diametri 10 santimetre golaý bolan gaz düwmejikleri haýal bölünip çykypdyr. Onuň gazynyň debiti bir gije-gündiziň dowamynda 5 kubmetre barabar bolupdyr.

Keýmir palçyk wulkanlaryň köp sanly toplumy Esengulydan 40 kilometr demirgazyk tarapda ýerleşip, günorta tarapynda opurylma netijesinde dörän uly wulkan kölünden (howdanyndan) ybaratdyr. 1913-nji ýylda K.P.Kaliskiniň hut özi kölüň ortasynda uly düwmejikli gazyň ýygy-ýygydan bölünip çykýanlygyna syn edipdir we bu bölünmeler 1928-nji ýyla çenli dowam edipdir. Emma 1930-njy ýylda bu kölde uly özgerişler ýüze çykypdyr, ýagny içi suwdan doly kölüň suwy ýitip gidipdir, onuň düýbünde, has takygy merkezi çöketliginde goýy çal reňkli läbik ýygnanyp, onuň ýüzünde gazyň uly bolmadyk düwmejiklerine syn edilipdir. Läbikli kölüň derejesi öňküsinden 5 metr aşak düşüpdir. Görnüşi ýaly, bu ýagdaý aşakdan suwuň güýjenmesiniň we gaz akymynyň peselmegi bilen düşündirilýär.

1931-nji ýylda Günorta kölüň ýagdaýy täzeden üýtgeşmä sezewar bolýar. Kölüň içine täzeden suw dolup, öňki derejesine gelýär. Çuňlugy 17,5 metr bolan bu kölde basyş güýjüniň täsiri netijesinde gaz peýda bolup başlaýar we onuň çykymy 200 kubmetre golaýlaýar. Ýylylygy 50 derejede bolan üznüksiz bölünip çykýan ownuk gaz düwmejikleri kölüň ep-esli bölegini eýeläpdir we birnäçe gije-gündizläp dowam edipdir.

Şeýlelik bilen, ady agzalan meýdançalarda birnäçe ýyllaryň dowamynda alym geologlar özleriniň oý-pikirlerini alyp barýan işlerine siňdirip, palçykly wulkanlarda ýüze çykarylan gazlaryň derňelmegini yzygiderli dowam etdiripdirler. Derňewleriň netijesinde köp sanly elementleriň we himiki birleşmeleriň garyndysyndan emele gelen uglewodorodlaryň düzüminiň öwrenilmegi ylmy taýdan amala aşyrylypdyr. Laboratoriýa şertlerinde gazlaryň düzümi öwrenilende, gury we ýagly gazlara bölünýänligi iş ýüzünde subut edilipdir. Şonda gury gazlara, esasan-da, metan we gazyň her kubmetrinde 50 gramdan az bolan uglewodorodlar girýän bolsa, 50-den 200 grama çenli bolan uglewodorodlar ýagly gazlara degişli diýlen netijä gelnipdir.

Umuman aýdanyňda, tebigy we nebitdäki ugurdaş gazlar has irki geologiki döwürlerde, esasan-da, deňiz suwunyň çekilen ýerleriniň we ýalpak kölleriň çuň gatlaklarynda ösümlikleriň we janly organizmleriň galyndylaryndan emele gelipdir diýen çaklamalar agdyklyk edýär. Galyberse-de, organiki maddalar ýokary basyşyň temperaturanyň, bakteriýalaryň we beýleki faktorlaryň täsiri astynda howa ýetmezçiligi zerarly çüýräpdir, dargapdyr. Şeýlelikde, gazlaryň düzümine girýän dürli uglewodorodlaryň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Tebigy gazlar hem beýleki uglewodorod çig maly ýaly, ýer gabygynyň öýjükli çägeli, jaýrykly çäge daşly, hek daşy ýaly geçirijiligi ýokary bolan çökündi jynslarda toplanyp, aşagynda we üstünde geçirmeýän dykyz jynslar örtügi bilen çäklenmegi olaryň ýer gatlaklarynyň arasynda (tebigy rezerwuarlarda) uzak wagtlap saklanmagyna ýardam edipdir. Tebigy gazlaryň şeýle ýygnanmagy netijesinde, olar özaralarynda sap arassa gazly, nebit bilen garyşykly we daşkömür känlere bölünýärler. Adatça, gazlar ýerasty rezerwuarlarda ýokary basyş astynda ýerleşýär. Şol sebäpli guýy burawlanyp, bu rezerwuara ýetende, gaz ýokary basyşly güýç bilen ýeriň ýüzüne çüwdürim bolup atylyp çykýar we bir gije-gündiziň dowamynda millionlarça kubmetr gazgeçirijilere akdyrylýar.

Günorta-günbatar Türkmenistanyň gazly, gazkondensatly nebitdäki ugurdaş gazlaryň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň «Nebitiň, gazyň we dag jynslarynyň geohimiýasy» laboratoriýasy tarapyndan gazyň düzümi hromatografik usuly bilen derňelende Esenguly sebitindäki ýataklaryň gazynyň düzümi irki döwürlerde derňelen gazlaryň düzüminden tapawutlanýanlygy ýüze çykaryldy. Bu tapawutlar alymlar tarapyndan öwrenilip, has çuň gatlaklarda metan uglewodorodynyň mukdarynyň ýokary bolýanlygy, galyberse-de, uglewodorodlaryň bir-birleri bilen garyşyp, dereje düzüminiň üýtgeýänligi bilen düşündirilýär.

Tebigy gaz barasynda geljegi uly bolan künjekler Ahal, Mary, Lebap we Balkan welaýatlarynyň çäklerinde barlaglardyr gözlegler, gazuw-agtaryş işleri dowam edýär. Göz öňünde tutulan bu künjeklerde tebigy gaz bilen bagly bolan çökündi dag jynslary dürli galyňlyklarda hem çuňluklarda duşýarlar. Şeýle uly galyňlykdaky çökündi gatlaklarda gaz toplumlaryny ýygnap biljek, has amatly şertleri bolan gaz siňdiriji kollektorlar hem olary aşagyndan, üstünden gysyp saklap duran örtgüleriň bolmagy gümansyzdyr. Şeýlelikde, ýurdumyzda entek tebigy gaz ýataklarynyň heniz üsti açylmadyk ojaklar azlyk etmeýär. Olary gözläp tapmak, buraw arkaly üstünden barmak çylşyrymly we hysyrdyly işdir. Nähili bolsa-da, ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň aýry-aýry sebitlerinde täze ýataklardyr känleriň açylandygynyň we açylýandygynyň gönümel şaýady bolýarys.

Weýis AMANTAGANOW,

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
Başga makalalar
16633b43dd9f61.jpeg
Täze gözýetimleri nazarlaýan gidrogeologlar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzybir agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünlikli jemlemek bilen, 2024-nji ýylyň işlerine guramaçylykly girişdiler.


16621837325e1e.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ýurduň ähli pudaklarynyň ösüşine itergi bermelidir»

Nebitgaz senagaty üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri bolup, geljekde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşi şol wezipäniň çözgüdine baglydyr.


166178aee0ef99.jpeg
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş ugurly syýasatlarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

165f9d3ed4c5c0.jpeg
Eserleri — ruhy hazyna

Magtymguly Pyragy türkmeniň ruhy sütünleriniň biridir. Akyldaryň döwredijiligi halkymyzyň durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeleýär.


165f44c5a3a8f1.jpeg
Gaz akdyryjylaryň rowaçly gadamlary

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary «Döwletabat — Derýalyk» ugry boýunça türkmen gazynyň dünýä bazaryna çykarylmagy ugrunda hem-de ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen ýokary derejede üpjün edilmegi babatda nusgalyk işleri alyp barýarlar.