Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň gaz pudagynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Geçen çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň adminsitratiw merkezinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow, ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri hem-de Lebap welaýatynyň häkimi gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň direktory B.Pirnyýazow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy M.Rozyýew hasabat bilen çykyş etdiler. Hasabatlarda «Malaý» gaz käninde hem-de «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan geologik-gözleg işleri barada habar berildi.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow Konserniň Lebap welaýatyndaky Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň Bagajanyň kükürtli gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasyny doly kuwwatlygynda işletmek üçin zerur bolan işleri ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär. Göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi netijesinde, gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberiniň artdyrylmagy, şeýle hem tebigy gazyň bir gije-gündizde 2 million kub metr goşmaça möçberini çykarmak maksat edinilýär.
Hasabatyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ýerine ýetirilýän işler barasynda, şol sanda şonuň bilen baglylykda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy barada habar berildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrmak boýunça degişli ugurlar we halkara düzümler bilen bilelikde zerur işler geçirilýär.
Ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaýyn düzümleriniň hünärmenleri häzirki döwürde nebitgaz känleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak hem-de geljegi uly täze uglewodorod serişdelerine baý bolan känleri gözläp tapmak we ýüze çykarmak, olary senagat taýdan özleşdirmek ugrunda häzirki zaman ylmyna esaslanýan işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.
Toplumda alnyp barylýan hemmetaraplaýyn işler döwlet Baştutanymyzyň pudagyň kuwwatyny artdyrmak, onuň düzümlerine innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow strategik häsiýetli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekde hem uzak möhletleýin esasda dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigini nygtady. Biziň maksadymyz ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ulanmakdyr diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpine ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge, hususan-da, ýurtlarymyzyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.