Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi ulanylyp başlany bäri, 320 mlrd kub metr türkmen gazy iberildi — CNPC
2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanylmaga tabşyrylanyndan bäri, jemi 320 milliard kub metrden hem gowrak türkmen gazy Hytaýa iberildi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň (CNPC) baş direktory Çen Huaýlun beýan etdi. Muny «Watan» habarlar gepleşiginde habar berdiler.
Huaýlun çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda belledi.
CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň ýolbaşçysy çykyşynda 2021-nji ýylda Türkmenistandan Hytaýa 34 milliard kub metre ýakyn tebigy gazyň iberilendigini belledi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda «Malaý» gaz gysyjy bekediniň ulanylmaga tabşyrylmagy gyşky ýyladyş möwsüminde tebigy gazyň Hytaýa bökdençsiz iberilmegini üpjün etdi.
Myhmanyň sözlerine görä, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen CNPC korporasiýasynyň arasynda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägi boýunça Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga laýyklykda, häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde 29 sany gaz käni senagat taýdan özleşdirilýär, jemi 137 sany guýudan tebigy gaz alynýar.
Myhmanyň çykyşynda 2022-nji ýylyň 17-nji iýulda «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägine degişli Önümi paýlaşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekilmegine 15 ýyl dolýandygyna üns çekildi.
Hasabatyň çäklerinde ýokary derejede gazanylan möhüm ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, CNPC-niň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň ähli zerur çäreleri amala aşyrýandygy, taraplaryň bu ugurda birnäçe netijeli gepleşikleri geçirendigi, ýakyn wagtda gepleşikleriň täze tapgyryna başlanyp, hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de tebigy gazyň söwdasyny ýokarlandyrmak baradaky baş maksada ýetmek ugrunda zerur çäreleriň görüljekdigi bellenildi.
Myhmanyň çykyşynda belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gaza baý ýurt. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uly. Türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyny, iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelmegi bilen birlikde, üstaşyr geçýän ähli ýurtlarda durnukly ösüşi üpjün etmekde örän möhüm orny eýeleýän, birek-biregiň üstüni ýetirýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk diýip häsiýetlendirip bolar.
Myhman sözüniň ahyrynda bütin dünýäniň häzirki wagtda pes uglerodly bölünip çykmalaryň gazanylmagyny üpjün etmäge tarap geçýändigini we tebigy gazyň esasy energiýa sarp edilişindäki paýynyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýandygyny belledi we şeýlelikde, Türkmenistanyň halkara energiýa ulgamynda has möhüm orny eýeleýändigini nygtady.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.