2022-nji ýylda nebite bolan isleg günde 3,3 mln barrele çenli artar, bazar nebit ýetmezçiligini başdan geçirer — HEA
2021-nji ýylda nebite bolan isleg günde 5,5 mln barrele çenli artdy, 2022-nji ýylda bolsa, bu görkeziji günde 3,3 mln barrele çenli artar diýip, Interfaks we Bloomberg Halkara energetika agentliginiň hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Dünýä bazarlarynda nebit artykmaçlygy şu ýylda barha azalýar, nebite bolan isleg bolsa, geçen aý bilen deňeşdirilende, pandemiýadan öňki günde 99,7 mln barrel görkezijä golaýlaýar diýlip, HEA-nyň aýlyk hasabatynda bellenilýär. Şol bir wagtda nebit ibermeleri çäklendirildi, çünki OPEC+ birleşigi togtadylan önümçiligi bar güýjünden dikeltmek isleýär, beýleki ýurtlardaky öndürijiler bolsa, birnäçe bökdençliklerden ejir çekýärler, bu bolsa erkin kuwwatlyklaryň ätiýaçlygyny çäklendirýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, dünýäde koronawirusyň «omikron» ştammy bilen keselleme ýagdaýynyň dünýäde artýan wagtynda nebite bolan isleg 2021-nji ýylyň IV çärýeginde günde 1,1 mln barrel artyp — günde 99 mln barrele çenli ýetip, garaşylan çaklamadan geçdi.
«2022-nji ýylyň I çärýeginde uzakdan işlemeklik hem-de awiagatnawlaryň az mukdary netijesinde has-da kynlaşdyrylýan islegiň möwsümleýin peselmegine garaşylýar. Biz 2021-nji we 2022-nji ýyllar üçin nebite bolan isleg boýunça çaklamalarymyzy 200 müň b/g çenli artdyrdy, bu bolsa degişlilikde 5,5 mln b/g we 3,3 mln b/g ösüşe getirdi» diýip, HEA ýazýar.
Analitikleriň hasaplamalaryna görä, 2021-nji ýylda nebite bolan isleg 96,4 mln b/g, 2022-nji ýylda bolsa 99,7 mln b/g barabar bolar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.