Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti: energetika we ulag — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary

https://www.ussatnews.com/storage/posts/2774/original-161f62bcd5d328.jpeg

27-nji ýanwarda ilkinji «Hindistan – Merkezi Aziýa» sammiti wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Ýokary derejeli duşuşyga Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Prezidentleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti 30 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan Merkezi Aziýa ýurtlary hem-de Hindistan üçin şu ýubileý ýylynyň derwaýyslygyny nygtamak bilen, halklarymyzyň köpasyrlyk gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny hem belläp geçdi.

Hindistanyň Türkmenistan üçin ýakyn dost hem-de möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistanyň biziň Watanymyzyň garaşsyzlygyny ykrar eden dünýäniň ilkinji döwletleriniň biri bolandygyny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti energetika we ulag ulgamlaryny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde belledi.

Baý tebigy serişdelere eýe bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bu gün «Merkezi Aziýa — Hindistan» energetika köprüsini döretmegiň üstünde düýpli işlemäge ukyplydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Türkmenistan häzirki döwürde öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde giň gerimli energetika taslamasyny — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny amala aşyrýar. Bu taslamanyň tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ägirt uly geoykdysady we geosyýasy ähmiýeti hemmelere mälimdir. Türkmen tarapy hindistanly hyzmatdaşlar bilen elektrik energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga-da taýýardyr.

Türkmen Lideri hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan ulag ulgamy barada durup geçip, gürrüňiň, ozaly bilen, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz terminallaryna çykýan Ýewraziýa ulag geçelgelerini döretmek barada barýandygyny belledi.

Türkmenistan, aslynda, çäkleriniň üsti bilen Merkezi Aziýadan Pars aýlagyna çenli, şol ýerden hem Hindistana barýan ýeke-täk iň gysga ýol geçýän ýurt hökmünde bu ugra uly ähmiýet berýär.

Özbegistan — Eýran — Oman — Katar ulag geçelgesiniň taslamasyna möhüm ähmiýet berilýär. Mälim bolşy ýaly, Hindistan bu taslama resmi taýdan goşuldy. Bu bolsa taslama gatnaşyjylar üçin goşmaça giň mümkinçilikleri döredýär.

Hindistanyň hem-de Merkezi Aziýanyň arasynda harytlary we hyzmatlary erkin geçirmek meselelerini çözmek maksady bilen, ýurdumyz hindi tarapynyň Çabahar portuny Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň düzümine goşmak hem-de degişli bilelikdäki Iş toparyny döretmek hakyndaky tekliplerini goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny bu üstaşyr ugra goşmak baradaky meselä seretmegi teklip etdi.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.