Arahis, Pisse, Kedr hozlary barada

Arahis – ýeňil ýaglaryň hasabyna örän ýokary kuwwatly iýmit hasaplanylýar. Ol diňe tiz wagtyň içinde dokundyrmak bilen çäklenmän, eýsem, artykmaç holesterini hem aradan aýyrýar. Ol kaliýe, fosfora, PP, B1, B2, D witaminlerine baýdyr. Bu mikroelementler ýürek-damar we myşsa ulgamyna, kelle beýnisiniň we bagryň işi üçin peýdalydyr. Arahis ýatkeşligi berkidýär, akyl taýdan işjeňligi artdyrýar.
Pisse – E witaminiň we myşsa dokumalarynyň berkemegine ýardam berýän, garramagy haýalladýan belogyň üýtgeşik sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Bu hoz gipotoniýadan (pes gan basyş) ejir çekýänlere, birden keýpi üýtgeýänlere kömek edýär. Şeýle hem ol damarlaryň warikoz giňelmeginde, ganazlykda we trofik baş keselinde örän peýdalydyr. Ýokary energetik gymmatlylygy bolany sebäpli pisse çörekden, süýtden, hatda şokoladdan hem ýokumlydyr.
Kedr hozy – Kedr hozunyň düzüminde adam bedeni üçin gerek bolan ýokumly maddalaryň ählisi diýen ýaly bardyr. Kedr hozjagazlary pes immunitetde, aterosklerozda, aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde ulanylýar. Adam kedr hozjagazlaryny iýende, ýaralar gutulýar, nemli bardanyň sowuklamasy aradan aýrylýar.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.