Habarlar

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň wezipesine dalaşgärler Prezident saýlawlaryna gatnaşdylar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3081/original-1622d6fbe04139.jpeg

12-nji martda Türkmenistanda giň bäsdeşlik esasynda ýurdumyzyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi, olara iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň hemmesi gatnaşdylar. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre häzirki zaman türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň we onuň gadymdan mahsus bolan hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda täze, uly ädim boldy.

Aýdyňlyk hem-de açyklyk ýagdaýynda geçirilen şu günki saýlawlar halkymyzyň mizemez agzybirligini we jebisligini, türkmenistanlylaryň ösuş ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň ykbaly üçin ýokary jogapkärçilige düşünýändigini doly görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, däbe görä, şu gün ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça bir wagtda açylan hem-de baýramçylyk ruhuna beslenen saýlaw uçastoklaryna ilkinjileriň hatarynda geldiler. Ýurdumyzda hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda döredilen ähli saýlaw uçastoklarynda Prezident saýlawlary Döwlet baýdagyny ýokary galdyrmak hem-de Türkmenistanyň Döwlet senasyny ýerine ýetirmek dabarasy bilen başlandy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärler şu saýlaw möwsüminde bäsdeşleriň hemmesiniň mynasyp we hormatly adamlardygyny belläp, olaryň umumy maksada gulluk edýändiklerini, ýagny, Türkmenistanda geçirilýän giň gerimli özgertmelere saldamly goşant goşmak isleýändiklerini aýtdylar hem-de ildeşlerimiziň öz erk-isleglerini beýan edip, bu çynlakaý we jogapkärli meselede dogry hem-de oýlanyşykly çözgüt kabul etjekdiklerine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler ata Watanymyzyň öňündäki raýatlyk borjuny:

Perhat Begenjow—Türkmenabat şäheriniň 50-nji saýlaw uçastogynda (Lebap welaýat kitaphanasy);

Agajan Bekmyradow—Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 6-njy saýlaw uçastogynda (Mollanepes adyndaky geňeşligiň Medeniýet öýi);

Serdar Berdimuhamedow—Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 48-nji saýlaw uçastogynda (Annanyýaz Artyk adyndaky ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdep);

Berdimämmet Gurbanow—Balkan welaýatynyň Awaza etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda (ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdep);

Babamyrat Meredow—Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 79-njy saýlaw uçastogynda (43-nji orta mekdep);

Hydyr Nunnaýew—Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 63-nji saýlaw uçastogynda (88-nji orta mekdep);

Maksat Ödeşow—Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji saýlaw uçastogynda (1-nji sport mekdebi);

Maksatmyrat Öwezgeldiýew—Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 9-njy saýlaw uçastogynda (23-nji orta mekdep);

Kakageldi Saryýew –Mary şäheriniň 36-njy saýlaw uçastogynda (8-nji sport mekdebi) berjaý etdiler.

Dokuz dalaşgäriň bellige alynmagy we gatnaşmagy bu saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda geçirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Hereket edýän milli kanunçylyga hem-de halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, dalaşgärleriň ählisine wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berildi.

Ýurdumyzda saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreler hakyky demokratik esasda, erkin, açyk ýagdaýda geçirildi. Munuň özi iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalary bilen saýlawçylary tanyşdyrmaga, olaryň ýeke-täk dogry çözgüdi kabul etmekleri üçin şol maksatnamalary çekişme arkaly ara alyp maslahatlaşmaga we baha bermäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçiligi milli synçylardan başga-da, halkara synçylary hem amala aşyrdylar. Saýlaw güni saýlaw uçastoklarynda daşary döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem boldular. Munuň özi ata Watanymyzyň halkara giňişliginde barha artýan abraýynyň subutnamasy bolup, dünýä bileleşiginiň Türkmen döwletiniň durmuşyndaky bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.

Şeýlelikde, 12-nji martda türkmenistanlylaryň millionlarçasy özlerine mahsus bolan ruhubelentlik we raýat işjeňligi bilen saýlaw uçastoklaryna gelip, öz konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler.

Şeýlelikde, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda möhüm waka bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary ýurdumyzda mundan beýläk-de demokratik özgertmeleriň dabaralanýandygyny, halkymyzyň döredijiligiň hem-de ösüşiň belent sepgitlerine tarap okgunly hereketini ynamly dowam edýändigini aýdyň tassyklady.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.