«Türkmennebit» döwlet konserni giň halkara hyzmatdaşlygyny nazarlaýar
Şu gün «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit gorlary esasan Türkmenistanyň günbatarynda jemlenilip, 30-dan gowrak ýatagy öz içine alýar. Olar işläp taýýarlamagyň dürli tapgyryndadyr. Bu barada «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýew Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň ikinji gününde eden çykyşynda belläp geçdi.
Bu çäk dünýäniň iň gadymy nebit sebitine degişlidir, bu ýerde «gara altynyň» senagat taýdan özleşdirilmesi XIX asyryň ahyrynda başlandy. Ýurdumyzda nebit we gaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň bütin taryhynda baý tejribe toplanyldy.
Bu günki gün konsern nebit we gaz gözläp, çuň we aşa çuňlukdaky guýularyň buraw işlerini amala aşyrýar diýip, Baýgeldiýew belledi. Netijede, häzirki wagtda 7000 metr çuňlukda buraw işleri ýerine ýetirildi we Uzynada käninde birnäçe guýy senagat taýdan özleşdirildi. Bu ýerden nebit kondensatynyň gündelik debiti 200 tonnasy we gazyň 500 müň kub metri bolan senagat akymy alyndy.
Nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek we nebit çykarylyşynyň möçberini artdyrmak boýunça bellenilen meýilnamalary öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 8-nji fewralda «Türkmennebit» DK 250 million manat möçberde maýa goýumlaryny bölüp bermek hakynda resminama gol çekdi. Bu serişdelere nebitgaz känlerini gözlemäge we özleşdirmäge gönükdiriler.
Hazar deňziniň türkmen kenaryndan uzakda ýerleşmedik Uzynada meýdançasynyň açylmagy diňe bir Türkmenistanyň gury ýerlerinde uglewodorodlary gözlemäge giň mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem Hazar deňzinde hem täze känleri açmak mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, geljegi uly känleri açmakda daşary ýurt maýalarynyň özüne çekijiligini artdyrýar.
Baýgeldiýewiň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň 12,1 mlrd tonna nebit we 6,1 trln kub metr gaz möçberde çaklanylýan uglewodorod serişdeleriniň özleşdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, bu ugurda daşary ýurt göni maýa goýumlary ulanylyp bilner.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, 202-nji ýylyň 1-nji iýulyndan «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen üýtgeşmeler güýje girdi. Üýtgeşmelere laýyklykda, uglewodorodlary çykarmak bilen bir hatarda, daşary ýurtly maýadarlara nebiti we gazy gaýtadan işlemäge hem mümkinçilik berilýär.
Hazar sebitiniň ösüşine itergi beren möhüm ähmiýete eýe bolan resminamalaryň biri hem 2021-nji ýylyň ýanwarynda Hazar deňzindäki «Dostluk» känini bilelikde işläp taýýarlamak we özleşdirmek hakynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda gol çekilen resminama bolup durýar diýip, Baýgeldiýew belledi.
Soňra foruma gatnaşyjylara «Türkmennebit» döwlet konserniniň işiniň esasy ugurlaryna gönükdirilen wideorolik görkezildi.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.