Peýnir — kalsiý ammary

Ynsan saglygy üçin peýdaly hem ýokumly iýmitleriň biri-de peýnirdir. Bu iýmit nerw ulgamyny sazlamakda, dişleriň çüýremeginiň öňüni almakda, bedeniň kalsiý zerurlygyny kanagatlandyrmakda, süňkleri berkitmekde, süýji, ýürek keselleriniň döremek howpunyň öňüni almakda we gan basyşyny peseltmekde örän ähmiýetlidir.
Peýnir gadymy iýmit önümleriniň biri hasaplanýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, adamlar. Arheologik ylmy-barlag işleri adamlaryň peýnir taýýarlamagy hat-ýazuw döremezinden hem öň öwrenendiklerini ýüze çykardy. Immun ulgamy üçin beloklar wajyp orny eýeleýär. Peýnir bolsa beloklara baý önüm hasaplanýar. Şeýle-de bu önümde A, D, E, B1, B2, B5, B12, PP, C witaminleri bar. Düzüminde kalsiýniň köp bolmagy peýniriň esasy aýratynlyklaryndan biridir. Belli bolşy ýaly, önümiň 100 gramynda beden üçin gerekli bolan kalsiýniň bir günlik möçberi saklanýar. Kalsiý bedeniň umumy gurluşyna, saçlaryň, dyrnaklaryň, süňkleriň berkligine, gözelligine oňaýly täsir edýär.
Maksat KAKAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.