Peýdaly maslahatlar

Süýt bedene oňaýly täsir edýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3326/original-1625fa6ff1a8f5.jpeg

Süýt ähli süýt önümleriniň esasyny düzýär. Süýtden bişirilýän manna, tüwi, greçka, dary şüleleri ösüp gelýän ýaş çagalaryň hemmetaraplaýyn sagdyn bolmagynda uly ähmiýete eýedir. Dünýä inen çaganyň sagdyn ösüp kemala gelmeginde ene süýdi gymmatly iýmit çeşmesi bolup durýar. Onda çaga bedenjiginiň doly kemala gelmegi, kadaly ösmegi, bekemegi üçin zerur maddalar saklanýar.

Süýt içmek islendik ýaşdaky adamlara maslahat berilýär. Meselem, sygyr süýdünde bedene zerur bolan maddalaryň aglabasy bar. Olardan kalsiý, fosfor, organiki duzlar, magniý, B₁, B₂, PP, С, A witaminleri, karotin, laktoflawin, süýt ýagy ýaly gymmatly iýmit çeşmeleri süňkleri, dişleri pugtalandyrmakda, nerw öýjüklerini rahatlandyrmakda, ukyny kadalaşdyrmakda, damarlaryň diwarjyklaryny berkitmekde, deriniň ýagdaýyny gowulandyrmakda örän ähmiýetlidir. Lukmanlar iýmit-siňdiriş ulgamynda näsazlyk bolan, allergenlere ýokary duýgurlykly adamlara süýt önümlerini yzygiderli kabul etmek maslahat berilmeýär. Şeýle ýagdaýda geçi süýdüni içmek bolar, sebäbi onda allergiýa döredýän maddalar ýokdur.

Geçi süýdi kalsiý, fosfor, magniý, ýod, natriý, marganes, mis, ftor, selen ýaly makro-mikroelementleriň, D, K, B₃, B₂, B₉, A witaminleriniň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Geçi süýdi ýeňil özleşip, bedeni gurplandyrýar, immunitetiňi pugtalandyrýar, allergiýa döretmeýär. Süýtden her bir saçagyň bezegi bolan gatyk, dorag, aýran, çal, peýnir, gurt ýaly peýdaly önümler taýýarlanylýar.

Kerim JUMAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.


16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.