Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat ÇARYÝEW
Zehinini sungata siňdirip, diňleýjileriň söýgüsine mynasyp bolan halypa, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Akmyrat ÇARYÝEW bilen bolan söhbetdeşlikde onuň ýüreginden çykýan joşgunly sözleri köňlüňe mylaýymlyk bagyş edýär.
— Halypa, durmuş ýoluňyz we aýdym-saz sungatyna gelşiňiz barada gürrüň beräýseňiz!
— Men Bäherden etrabynyň Kelete obasynda eneden doglup, şol ýerdäki ýediýyllyk mekdebi tamamladym. Çagalyk döwürlerim aýdym-saz diňlemegi gaty gowy görýärdim. Mekdepde okan döwürlerim teleradioda ýaňlanýan sazlary ürç edip diňläp, bagşylaryň aýdymlaryny ýat bekledim. Şeýdip dutar meniň iň ýakyn syrdaşyma öwrüldi. 1961-nji ýylda Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesinde saz ugrundan bilim aldym. Soňra Türkmen döwlet pedagogik sungat institutynyň dutar bölümini tamamladym. Döredijilige bolan ukybym meni Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gapysyndan eltdi. Ol ýerde hem belli halypalardan sapak alyp, bilimimiň üstüni ýetirdim.
Meniň ilkinji saz mugallymym Allaberdi Allaberdiýew boldy. Halypalarym Sahy Jepbaryň, Ödeniýaz Nobatyň ýanynda on bir ýyllap sazandarlyk etdim. Ussat halypalaryň şägirdi bolmak nesibämizde bar eken. Sahy aga hemişe şeýle sargardy: «Käriňi mydam söýüp gez. Dutary eliňe alanyňda, çalan sazyňy söýüp, içine girip çal». Sazyň inçe syrlaryny öwreden halypam Türkmenistanyň halk artisti Çary Täçmämmedowdy. Halypam gaty talapkärdi, öwredýän kakuwlaryny ýarpy-ýalta kakaýsaň dagy, tä göwni ýetýänçä, işlemeli bolardy. Ine, şeýdip, 55 ýyldan bäri dutar bilen bagrym badaşdy.
— Döreden sazlaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!
— Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň sözlerine «Sen ak atda, Sen gyratda, ganatda», «Arkadag», «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany», Allaýar Çüriýewiň sözlerine «Watan», «Türkmen gyzlary», Geldi Bäşiýewiň sözlerine «Bedewler» ýaly aýdymlaryň sazlaryny döretdim, olar diňleýjiler tarapyndan uly tolgunma bilen diňlenilýär. Bu meni diýseň begendirýär, döredijilige ruhlandyrýar.
— Halypa, maşgalaňyz baradaky gürrüň bilen söhbedimizi dowam edäýeliň!
— Döwletli maşgalam bilen bagtyýar döwrümize buýsanyp ýaşaýarys. 3 ogly, 3 gyzy ylymly-bilimli, edepli-ekramly edip ýetişdirdik. Ogullarym Kakamyratdyr Şamyrat sungat ýoluna ykbalyny baglady. Körpäm Orazmyrat bolsa «Türkmenhowaýollary» agentliginde zähmet çekýär. Gelnejeň bilen 12 agtygymyza, 3 çowlugymyza guwanyp otyrys. Agtyjaklarym Azymberdidir Dawut dutar çalmaga höwes edýärler.
— Akmyrat aga, ýaşlara berjek maslahatlaryňyz?!
— «Daglara bar», «Seýle gelseň bu daglara», «Çynarym», «Dag jerenleri» ýaly aýdymlar ýaşlarymyza nusgalykdyr. Şu ýerde halypalaryň aýdan sözlerinden ýatlap geçsem, ýerlikli bolar. «Zehin Alladan berlende, onuň eçilýän miweleri bendesini bendi edermiş» diýerdiler. Ýaşlarymyza-da sungatyň inçe dünýäsine berlip, aýdym-saza bolan zehinini kämilleşdirmeklerini arzuw edýärin.
— Siziň sungat älemindäki ýoluňyz dowamat-dowam bolup, diňleýjilere ýetirjek ajaýyp sazlaryňyzyň mahmal owazynyň belentden ýaňlanyp durmagyny arzuw edýäris!
Ýazgül ANNAÝEWA.
USSAT NEWS.
«Yonhap» gullugynyň habarçysy Türkmenistan baradaky täsirleri bilen paýlaşdy
2026-njy ýylyň 16-17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» atly birinji sammitine taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistana «Yonhap» belli koreý habarlar agentliginiň habarçysy Son Dо Hýon geldi.
Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarow
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Tirkeş Mätnazarowa belent heňi bilen ömrüniň iň naýbaşy eserini döreden ussatlaryň biri diýip aýtmak bolar.
Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa
Türkmenistanyň halk artisti Sahydursun Hojakowa bilen söhbetdeşlik taýýarlamaly diýlende, bu nurana aýdymçy gelin bilen birlikde giden märeke — onuň wepaly muşdaklary-da göz öňüme geldi.
«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň baş redaktory Ýazgül Ezizowa
Nämüçindir her ýyl güýz paslynda, bary-ýogy 35 ýaşap, halkyň hakydasynda hemişelik orun tutan şygyrlary döreden türkmeniň paýhasly şahyr ogly Gurbannazar Ezizowdan söz açasyň gelip dur.
Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa
Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowadan söz açsaň, bada-bat «Hä, «Selbinyýazy» aýdýan bagşymy?» diýilýär. Ömrüni sungata bagyş eden ynsan üçin adynyň öz gahrymany bilen bile tutulmagyndan uly lezzet barmyka?!