Beýniniň işini we huşy güýçlendirmek

01:00 15.05.2022

https://www.ussatnews.com/storage/posts/3518/original-162800a488e01a.jpeg

Häzirki tehnologiýalar zamanasynda bizi tükeniksiz maglumatlar we täzelikler gurşap alýar. Döwrüň tizligi bilen deň gadam basmak üçin adam her gün diýen ýaly täze maglumatlary, bilimleri özleşdirmeli bolýar. Eýsem, maglumatlar eýýamynda adamyň aň-huşuna düşýän artykmaç maglumatlar beýniniň işine nähili täsir edýär? Eger-de adam beýnisi gündelik maglumatlary özleşdirmekde we belli bir netije çykarmakda kynçylyk çekýän bolsa, onda bedeniň umumy saglyk derejesi pese düşüp, ýatkeşlik, aň-huş mümkinçiliklerinde näsazlyklar döräp bilýär.

Şeýle ýagdaýlarda ýaşaýyş-durmuş şertlerimizi üýtgedip, beýniň saglygyny goramaga we işini gowulandyrmaga kömek etjek maslahatlary bilmegimiz gerekdir. Hünärmenler huşsuzlykdan saplanmakda okamagyň we dil öwrenmegiň gowy netijeleri berýändigini belleýär. Şeýle-de, täsirli gürrüňdeşlikler, sowal-jogap alyşmalar, dürli aň-huşuňy ösdürýän meseleleri çözmek hem peýdalydyr.

Sport bilen meşgullanmak diňe bedeni däl, eýsem beýnini hem türgenleşdirýär. Maglumatlara görä, yzygiderli sport bilen meşgullanýan adamyň ýüreginiň göwrümi adaty adamlaryňkydan epesli uly bolýar. Bu bolsa ýüregiň gangeçirijiligini has-da gowulandyryp, beýnini ýeterlik derejede kislorod, glýukoza ýaly ýokumly maddalar bilen üpjün edýär, toksinleriň bedenden çykmagyny tizleşdirýär. Arassa, güneşli howada gezelenç etmek, türgenleşmek beýniniň işjeňligi üçin möhüm bolan D witaminiň mukdaryny artdyrýar.

Beýni beýleki beden agzalaryna garanyňda köp energiýa harçlaýar. Şonuň üçin beýnide döreýän ujypsyzja näsazlyklar ähli beden agzalaryna ýaramaz täsir edip bilýär. Emosional deňagramlyk, şatlyk, buýsanç duýgulary, öňüňde belli bir maksatlary goýmak, daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak beýnini işjeňleşdirip, elmydama dogry ugurda bolmagyny üpjün edýär.

Dogry iýmitlenmek adamyň durmuşyna uly derejede öz täsirini ýetirýär. Iýmit kabul edilende bedeniň her bir öýjügi iýmitlenýär we şonuň netijesinde öz işini dowam etdirýär. Şonuň üçin iýmitimizde bedeni kuwwatlandyrýan, peýdaly elementler bilen üpjün edýän önümleri ulanmak möhümdir.

Aýhan GURBANMÄMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.


1658d4df34d0ed.jpeg
Nohudyň peýdasy

Nohut — iň gadymy ösümlikleriň biri. Onuň watany günorta-günbatar Aziýa we ýakyn Gündogar hasaplanýar. Ösümlik bu ýerlerde miladydan öňki 7-nji müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilipdir. Dünýäde nohudyň 70-e golaý görnüşi belli bolup, olardan diňe iki görnüşi giňden ulanylýar. Ol gök çig görnüşinde we gabykly bişen görnüşinde ulanylýar. Ösümlik beloklaryň ajaýyp çeşmesidir. Onuň 100 gramynda takmynan 25 gram belok bar. Şonuň üçin nohut sagdyn iýmitlenişiň aýrylmaz bölegi hasaplanýar.

1658bce4e243ca.jpeg
Greýpfrut — peýdaly miwe

Greýpfrut tropiki miwelere degişli bolup, onuň watany Barbados adasy hasaplanýar. Ol elmydama ýaşyl öwüsýän agaçda ýetişip, sowuk howany halamaýar. Miwe ýolunmanka daşky görnüşi boýunça üzüme çalym edýär.


16586e84d1b85d.jpeg
Täze jaýyň gurluşygy — peýdaly maslahatlar

Täze jaýyň gurluşygy her bir adamyň durmuşynda jogapkärli we wajyp aladalaryň biri bolup durýar. Jaý gurluşygy köp wagt, zähmet we serişde talap edýär. Bu işde ýyllaryň dowamynda toplanan peýdaly maslahatlar oňat netijeleri berip bilýär.