Okamagyň peýdasy

Google-yň geçiren gözlegleri häzirki wagtda dünýä ýüzünde 129 milliondan gowrak kitabyň (çeper, publisistik we ylmy eserler) bardygyny görkezýär. Ynsan okamak bilen durmuşa göz ýetirýär, düşünjesini giňeldýär, aň taýdan ukyp-başarnyklaryny artdyrýar. Okamak ynsan durmuşyny gözelleşdirýär we onuň ömrine özboluşly many çaýýar.
Hünärmenler okamagyň ynsan üçin peýdalary barada giňişleýin maglumat berýärler.
Beýni işjeňligi artýar. Ynsan okaýan wagty beýniniň işjeňligi artýar we ol berkeýär. Biler bolsaňyz, beýni ynsan bedeniniň esasy myşsalaryndan biri hasaplanýar.
Dartgynlylykdan goraýar. Adam okan wagtynda gündelik durmuşyň aladalary, toplanan ýadawlyk, stresler aýrylmak bilen bolup, ajaýyp pikirler, çözgütler peýda bolýar. Okamak bilen biz täze bilimleri alýarys, sözlük gorumyzy baýlaşdyrýarys, sözleýşimizi ösdürýäris, pikirlenmek, aňlamak ukyplarymyzy kämilleşdirýäris, duýgudaşlygymyz we döredijilik ukyplarymyz artýar. Görşümiz ýaly, adam elmydama gözlegde we döredijilikde bolmaly, bu bolsa okamak, öwrenmek arkaly durmuşa geçirilýär.
Gözel AÝDOGDYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.