Meniň şäherim — meniň ikinji öýüm
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheri-de bina edilýän täze ýaşaýyş jaýlarynyň hasabyna öz çägini giňeldip ösýär hem özgerýär. Gazçylar şäheriniň abadançylygynyň üpjün edilip, has gözel keşbe girmeginde «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar.
Şäheriň çäklerinde, köçeleriň ugurlarynda, dynç alyş meýdançalarynda dürli arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini geçirmek — baglara timar bermek, dürli gülleri ösdürip ýetişdirmek edaranyň işgärleriniň gündelik alyp barýan işleriniň möhüm bölegini tutýar.
Olar «Meniň şäherim — meniň ikinji öýüm» diýen asylly ýörelgä eýerip, bag ekmek ýaly sogap işe-de ýakyndan gatnaşýarlar. Işgärler her ýyl ýazky hem güýzki bag ekmek möwsümlerinde bu ählihalk işine işjeň goşulyp, dürli miweli hem saýaly baglaryň nahallarynyň ýüzlerçe düýbüni ekip, ösdürip ýetişdirýärler.
Häzir on müňe golaý ýaşaýjysy bolan Şatlyk şäheriniň ilatyna arassa agyz suwuny bökdençsiz bermekde, gyşky möwsümde ýaşaýjylaryň öýlerini ýylylyk bilen üpjün etmekde edaranyň hünärmenleriniň, işgärleriniň her biriniň saldamly goşant goşýandygyny aýtmak gerek. Öz wezipe borçlaryna örän oňat düşünýän işgärler suw hem-de ýylylyk geçiriji ulgamlaryň işleýşini hemişe gözegçilikde saklaýarlar.
Elbetde, her bir şäheriň, obanyň, şeýle hem olaryň ilatynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hemişe iň möhüm wezipe bolup durýar. Şoňa görä, Şatlyk şäheriniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem edaranyň işgärleri tarapyndan ünsden düşürilmeýär.
Bu ýerde ilatyň durmuş hajatlaryndan çykýan lagym suwlar geçirijiler arkaly lagym suw arassalaýjy desgasyna akdyrylýar. Desgada lagym suwlaryny arassalamak işleri daşky gurşawy goramagyň bellenilen kadalaryna doly laýyklykda geçirilýär. Lagym suw arassalaýjy desgasy her gije-gündizde iki ýarym — üç müň kubmetr lagym suwuny kabul edýär hem-de biologik usulda arassalaýar.
Bu ýerde lagym suwlarynyň arassalanyş derejesini ölçeýän barlaghana hereket edýär. Desgada lagym suwlarynyň arassalanyş derejesi barlaghananyň ýörite enjamlary arkaly pugta gözegçilikde saklanylýar.
— Edaramyzda köp ýyllardan bäri işläp gelýän halypa hünärmenleriň ençemesi zähmet çekýär. Şäherimiziň abadançylygynyň, arassaçylygynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk bolmagynyň üpjün edilmeginde-de, ilata hyzmatyň talabalaýyk guralmagynda-da olaryň mynasyp zähmet paýy bar.
Halypa işgärlerimizden abadanlaşdyryş işgäri Ilmyrat Ýammadow, lagym suw arassalaýjy desgasynyň maşinistleri Çary Rejepow, Döwran Ýaýlymow, lagym suwlary sorujy desganyň ussasy Bäşim Bäşimow, desganyň slesar santehnigi Begjan Meredow, bejeriji Mirap Mirabow, suw arassalaýjy desganyň barlaghanasynyň işgäri Dessegül Hojallaýewa dagy umumy işimiziň öňe gitmegine öz saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Geljekde-de şäherimiziň ilatyna edilýän hyzmaty has-da kämilleşdirmek üçin tutanýerli zähmet çekeris — diýip, «Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň başlygy Emir Gowkyýew gürrüň berýär.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.