Türkmenistanda gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýada ilkinji merkez ulanyşa girizildi
20-nji iýulda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Täze desganyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Serdar Berdimuhamedow häzirki zamanyň iň ösen tehnologiýalary esasynda gurlan täze desganyň Merkezi Aziýada bu ugurdaky ýeke-täk hyzmat ediş desgasydygyny belledi.
Bu ýerde iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda “General Electric” kompaniýasynyň gaz turbinalary abatlanylar hem-de olara hyzmat ediler. Ähli işler ýokary hil derejesinde, ekologik kadalaryň berk berjaý edilmeginde ýerine ýetiriler. Merkezde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamagyň maksatnamasyna laýyklykda, degişli okuwlar guraldy hem-de “General Electric” kompaniýasynyň daşary ýurtlardaky hyzmat ediş merkezlerine birikdirmek bilen, onlaýn görnüşde nazary we amaly okuwlar geçirildi.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi guruldy. Häzirki wagtda-da bu pudakda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň içerki energetika halkasynyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy dowam edýär.
Merkeziň gurluşygyny «Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasy ýerine ýetirdi. Bu ýerde işlemek üçin ähli amatly şertler üpjün edilen. Abatlaýyş, hyzmat ediş işleriniň guralyşy ekologik talaplaryna doly laýyk gelýär. Merkezde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «General Eleсtriс» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyryldy. Döwrebap merkeziň gurulmagy bilen, bu ýerde 120-den gowrak täze iş orny döredildi. Bu ýerde işlejek hünärmenler daşary ýurtlarda hünär kämilleşdiriş okuwyny geçdiler.
“Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygyň çykyşynda belleýşi ýaly, energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezi enjamlaryň ýokary hilli abatlanylmagyny hem-de uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün eder. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän elektrik stansiýalarynyň bökdençsiz hem-de doly güýjünde işledilmegine ýardam berer. Häzirki döwrüň ekologik howpsuzlygynyň ýokary talaplary hasaba alnyp gurlan bu desga tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Fraunhofer” adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy institutynyň professory Harald Apel çykyş edip, döwlet Baştutanyna dünýä derejeli Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi. Myhman ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda bu institutyň adyndan merkeze durnukly we öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy baradaky güwänamany gowşurdy.
Soňra “Duisburg-Essen” uniwersitetiniň (GFR) professory Bernd Reinhold Rosin çykyş edip, döwlet Baştutanymyza şu günki dabara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Germaniýada iň iri okuw merkezleriniň biri bolan bu uniwersitetiň Aşgabatda açylýan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezine ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desgadygy baradaky güwänamany gowşurmak çözgüdine gelendigini habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.