Dertlere derman ýumurtga gabygy

16:39 20.12.2020

https://www.ussatnews.com/storage/posts/400/original-15fdf37e093a10.jpeg

Wenger lukmanlary towuk ýumurtgasynyň gabygynyň adam bedeniniň ösüşine täsirini öwrenipdirler. On ýyldan gowrak döwrüň içinde geçirilen tejribeler lukmanlaryň garaşanyndan has oňat netije beripdir, ýagny ýumurtganyň gabygynyň adam bedeni üçin möhüm bolan we ýeňil siňýän kalsiniň çeşmesidigi belli bolupdyr.

Iýmitde kalsiniň ýetmezçiligi çagalaryň dişleriniň nädogry çykmagyna, ownamagyna, oňurgasynyň gyşarmagyna, ýaşuly adamlaryň süňküniň wagtyndan öň çeýeligini ýitirmegine, şeýle hem durkunyň üýtgemegine getirýär. Kalsiniň azganlylygyň, gan durmazlygyň, sowuklamanyň, allergiýanyň we beýleki keselleriň garşysyna göreşmekde-de peýdasy köpdür. Towuk ýumurtgasynyň gabygynyň gany emele getirýän, arassalaýan, süňkleriň ýiligini iýmitlendirýän, gan aýlanyşyny kadalaşdyrýan häsiýetleri bardyr. Wenger lukmanlary geçirilen barlaglaryň netijesinde towuk ýumurtgasynyň gabygynda 90 göterim karbonatly kalsiden başga-da, adam bedeni üçin zerur bolan mis, ftor, demir, marganes, fosfor, kükürt, kremniý, sink ýaly mikroelementleriň bardygyny subut etdiler. Gabykdaky kremniý bilen molibden adam bedeniniň kadaly ösüşindäki biohimiki özgerişler üçin has zerurdyr. Gündelik iýmitimizde bolsa, adatça, şol mikroelementler ýetmezçilik edýär. Ownadylan gabyklaryň iýmitiň düzümine goşulmagy adam bedeniniň keselleriň garşysyna göreşmek işjeňligini artdyrýar. Onuň adam bedenine zyýanly täsiri ýokdur. Ýeri gelende aýtsak, ördek ýumurtgasynyň gabygynda towuk ýumurtgasyndaky ýaly peýdaly elementler ýok. Towuk ýumurtgasyndaky kalsiniň çagalaryň süňkleriniň berkeşmeginde, igleme keseline garşy göreşmekde hem peýdasy uludyr.

Alym Kromýuher gabyk ununy göwreli aýallaryň we 1-6 ýaş aralygyndaky çagalaryň iýmitinde ulanmagyň zerurdygyny belleýär, ýetginjekleriň, ýaşlaryň, uly adamlaryň hem bu peýdaly dermany ulanyp durmagyny maslahat berýär.

Gabygy iýmitde ulanmak üçin ony, ilki bilen, ýyly suwda mazaly ýuwmaly. Kiçi ýaşly çagalara beriljek bolsa, gaýnag suwda 4-5 minut saklamak ýeterlikdir. Gabygy et üweýän enjamda däl-de, sokuda döwmelidir. Gabyk ununy adamyň ýaş aýratynlygyna görä, l,5 gramdan 3 grama çenli tworoga ýa-da süýtli aşa goşup ulanmak maslahat berilýär. Wenger lukmanynyň maslahatyny öz iş tejribämde ýaşuly näsagyň döwlen uýluk süňkleriniň bejergisinde ulanyp gördüm, bu garaşylmadyk, diýseň oňat netije berdi.

Rejepguly MAŞADOW,

lukman-trawmatolog, Balkanabat şäheri.

Başga makalalar
16640718866af2.webp
Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri

Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.


1663c945c93a7d.jpeg
«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär

Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.


16631174d696af.jpeg
Gülli kelemiň peýdasy

Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

165e747935707c.jpeg
Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler

Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.


165b91eda2f571.jpeg
Beýiniň peýdasy

Beýi peýdaly häsiýeti ýokary bolan miweleriň hataryna degişlidir. Biziň Türkmenistan ýurdumyzda hem beýi urugyndan adaty beýi görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aslynda, beýiniň gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplanýar. Beýi agaç görnüşli we gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär.