Kelem - täsin ösümligiň bejerijilik häsiýeti

Adamyň her bir peýdalanýan azygy iýmit siňdiriş ulgamynyň agzalaryna agram salmazdan, siňňitli we jan saglygyna melhem bolmalydyr. Dünýäde, şol sanda Türkmenistanda saglyga peýdaly täsiri bolan ösümlikler örän köpdür. Olaryň arasynda gök önümlerden kelem aýratyn orna eýe bolup durýar. Kelemiň ýapraklarynda köp bolmadyk mukdarda ýaglar, iki göterime çenli şeker, minerallar, fermentler, aminokislotalar, adam bedenine juda möhüm bolan askorbin kislotasy, B toparynyň, şeýle-de P, K witaminleri, beloklar, uglewodlar, kalsiý bar.
Lukmanlar kelemi terligine, gaýnadylan, işdäaçar görnüşinde köp iýmekligi ündeýärler. Ol turşadylan görnüşinde hem peýdalanylýar. Ter we turşadylan kelem işdä açmakda, ganyň düzümindäki holesterini azaltmakda, semizlige garşy haýyrlydyr. Alymlar kelemiň adamyň bedeninde demriň aňsat özleşmeginde örän peýdalydygyny belleýärler. Onuň saglyga peýdasy terligine ulanylanda has güýçli ýüze çykýar. Kelemiň süýji keselini, aşgazanda ýara emele gelmegini, oniki barmak içegäniň näsazlygyny, agyz boşlugynyň sowuklama keselleriniň görnüşlerini bejermekde tapylgysyz dermanlyk häsiýeti bardyr.
Halk lukmançylygynda kelemiň şiresi sary getirmede, dem alyş ýollarynyň ýokarky bölekleriniň şikeslenmelerinde, bagyr näsazlyklarynda peýdalanylýar.
Gündogaryň beýik alymy Ibn Sina öz eserlerinde kelemiň ýaralary çalt guratmaga we bitirmäge, agyryny aýyrmaga ýaramlydygyny ýazýar. Bu täsin ösümligiň bejerijilik häsiýeti irki döwürlerden bellidir. Gadymy rimliler ony bedeni kuwwatlandyrmakda, ukusyzlykda, kellagyryny köşeşdirmekde peýdalanypdyrlar. Onuň şeker garylan şiresi üsgülewügi, bokurdak agyrysyny aýyrmakda ulanylypdyr.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.