Habarlar

Türkmenistanyň medeniýet işgärleri halkara gatnaşyklaryny giňeldýärler

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4116/original-162fbc3dd5b9ff.jpeg

8-nji awgustda Aşgabatda russiýa kinosynyň festiwaly başlandy, ol ilkinji gezek VOD IVI onlaýn platformasynda geçirilýär. Üç hepdäniň dowamynda - 28-nji awgusta çenli kino sungatynyň muşdaklary russiýaly kinomatografiýa işgärleriniň bäş sany işine, şol sanda “Bir dem”(«Один вдох»), “Uçuş” («Взлёт»), “Ýene-de salam!” («И снова здравствуйте!»), “Maşgala býujeti” («Семейный бюджет») atly kinofilmlere hem-de “Toş sporty” (“Спорт Тоша”) atly multseriala tomaşa edip bilerler. Filmler türkmen dilinde subtitrli rus dilinde görkezilýär.

Russiýa kinosynyň festiwalyny 2022-nji ýylda dünýäniň 20-den gowrak ýurdunda geçirmek meýilleşdirilýär.

Öz nobatynda türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl kürte” atly doly metražly çeper filmi “Odna şestaýa” atly Ýewraziýa yklymynyň debýut (ilkinji gezek görkezilýän) filmleriniň I halkara kinofestiwalynda tomaşaçylara görkeziler, festiwal 12-17-nji awgustda Ýekaterinburg şäherinde geçiriler.

Tomaşaçylara Sloweniýadan, Horwatiýadan, Ispaniýadan, Türkmenistandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan aktýorlaryň oýnaýan we oýnamaýan filmleriniň 23-si görkeziler.

“Gyzyl kürte” kinofilmi ilkinji gezek Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2022-niň çäklerinde görkezildi, iýulda bolsa, ol Türkiýäniň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ kinofestiwalyna gatnaşdy.

“Gyzyl kürte” filmi bolan waka esaslanyp, türkmen zenanynyň ykbalyna bagyşlanan. Ol türkmen aýallarynyň ojagyna wepalylygy barada söhbet açýar. Gelnini görüp ýetişmedik ýigidi toý güni fronta çagyrýarlar. Esger öýüne ýazan hatlarynyň birinde uruşdan dolanyp barýança gelninden kürtesini aýyrmazlygy soraýar. Gelin ömrüniň ahyryna çenli uruşda wepat bolan ýan-ýoldaşyna wepalylygyň nyşany hökmünde kürtesini aýyrman gezýär.

“Gyzyl kürte”, şeýle hem “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň ýene-de iki sany filmi – režissýor Wepa Işangulyýewiň “At-myrat” hem-de režissýor Arslan Eýeberdiýewiň “Istärin” atly filmleri “Ýüpek ýolunyň merjeni” («Жемчужина Шелкового пути») atly kinoforumda görkeziler, ol 14-nji sentýabrda Özbegistanyň paýtagtynda dabaraly ýagdaýda açylar.

Daşkentde geçiriljek halkara kinofestiwalyň çäklerinde “5 günüň içinde kino” atly bäsleşik guralar, oňa ýaşy 35-den uly bolmadyk kinematografiýa işgärleri gatnaşarlar, olar bäş günüň dowamynda “Beýik Ýüpek ýoly” temasy boýunça gysga metražly filmi surata düşürip, rejeläp, emin agzalarynyň garamagyna hödürlärler.

Bu bäsleşige Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň surata düşürýän topary hem gatnaşmagy göz öňünde tutýar.

Kinofilmlere emin agzalary hem-de halkara derejeli bilermenler baha bererler. Dörediijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy Daşkent kinofestiwalynyň günleri geçiriler.

Ýurdumyzyň kino sungatynyň işgärlerinden türkmen sazandalary hem yza galmaýar, olar halkara festiwallarynyň konsert meýdançalaryndaky çykyşlara taýýarlyk görýärler. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky döwlet simfoniki orkestriň sazandalary ýakyn wagtda Germaniýada we Gruziýada geçiriljek halkara saz festiwallarynyň birbada ikisinde Türkmenistana wekilçilik ederler.

Nusgawy sazlaryň giň gerimli forumlarynyň birini - «Tsinandali Festival» forumyny 8-19-njy sentýabrda Gruziýanyň taryhy ojagynda – Sinandali obasynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Biziň ýurdumyza döwlet simfoniki orkestrinde saz çalýan zehinli ýaş artistleriň bäşisi wekilçilik ederler. Olar çylşyrymly bäsleşik seçip alynmadan geçdiler hem-de gruzin festiwalyna gatnaşmaga çakylyk aldylar.

Ýaş zehinleriň halkara festiwallarynyň ýene-de biri 12-nji awgustda Baýroýtda (Germaniýa) açylýar, oňa dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli aýdymçylar we sazandalar gatnaşarlar. Halkara saz meýdançasynda Türkmenistana dirizýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky kwintet wekilçilik eder.

Türkmen sazandalary Baýroýtda geçirilýän festiwala yzygiderli gatnaşýarlar. Özi-de dürli ýyllarda biziň ýurdumyza dürli düzümler: orkestr, kwartet, solistler bilen, hat-da dutar, gyjak, tüýdük çalýan sazandalar wekilçilik etdiler.

Kwintetiň maksatnamasynda Hury Halmämmedowyň, Meýerberiň, Bramsyň, Pýassollanyň sazlary ýaňlanar. Sazandalar Bawariýanyň çägi boýunça konsert maksatnamalary bilen syýahat ederler hem-de esasan kiçi şäherlerde we obalarda çykyş ederler, buthanalaryň ýaraşykly howlulary, klinikalaryň hollary we ýörite gurlan sahnalar art-meýdançalara öwrüler. Şeýle hem guramaçylar festiwalyň ähli artistleriniň bilelikdäki konsertini hem-de belli sazandalaryň çykyşlaryny meýilleşdirdiler.

Başga habarlar
169b64ad366257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.


169b5a626b99eb.jpeg
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.


169ad82a1b73f3.jpeg
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.

169ad70095fa7d.jpeg
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy

Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.


169ad53540e2a5.jpeg
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde

Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.