Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.
Interfaksyň bellemegine görä, geçen aýyň netijeleri boýunça Brent nebiti 12,3%, WTI-9,2% aşaklady. Şol bir wagtda otrisatel depgin bassyr üçünji aý hasaba alynýar. Bu 2020-nji ýylyň birinji ýarymyndan bäri iň dowamly döwürdir.
Brent nebitiniň noýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda penşenbe güni barreli 95,18 dollara deň boldy. Ol deslapky söwdalaşyklardan 0,48% aşakdyr. Çarşenbe güni söwdalaşyklaryň netijeleri boýunça şertnamalar 2,3% aşaklap, 95,64 dollara deň boldy.
WTI-niň oktýabrdaky fýuçersleri Nýu-Ýorkuň elektron söwdalar biržasynda barreli 89,08 dollara deň boldy. Bahalar deslapky söwdalaşyklardan 0,52% aşaklady. Öňküsi gün bahalar 2,3% aşaklap, 89,55 dollara deň boldy.
Dünýäniň iri Merkezi banklary tarapyndan pul-karz syýasatynyň berkidilmegi netijesinde dünýä ykdysadyýetiniň çökgünlik howatyrlanmasy, şeýle hem Hytaýda hereket edýän koronawirus çäklendirmeleri bahalara basgy edýär diýip, Bloomberg agentligi belleýär.
«Ykdysadyýetiň ýagdaýy bilen bagly howatyrlanmalar — bu nebit bazarynyň aşaklamagynyň esasy sebäbi» diýip, WTRG Economics-iň energetika bazarlary boýunça analitigi Jeýms Uilýams belleýär.
«OPEC islegiň geljegi babatda howatyrlanmalaryny beýan edýär we şol bir wagtda guramanyň wekilleri kwotalary peseltmek hakynda meseläni gozgaýarlar. Çökgünlik mümkinçiligi häzir OPEC-iň garaýyşlarynda möhüm orny eýeleýär» - diýip, bilermen belleýär.
TOPH gaz geçirijisi Hyrata ýakynlaşýar: ulanylyşa girizmegiň möhletleri barha golaýlaýar
«TAPI Pipeline Company» kompaniýasy OGT 2026 forumynyň barşynda taslamanyň «Serhetabat — Hyrat» böleginde düýpli ösüşiň gazanylandygyny habar berdi. Turba geçiriji Hyratyň golaýyna ýetdi, ony 2026-njy ýylyň ahyryna ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.
OGT 2026 nebitgaz forumy halkara energetika hyzmatdaşlygyna täze itergi berdi
23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” 31-nji halkara maslahatyň we serginiň (OGT 2026) üçünji we jemleýji gününde forumyň üç günlük maksatnamasy tamamlandy.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti 23-nji oktýabrda “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn täzelemäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.