Milli Liderimiziň amala aşyrýan “açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
15 dekabrda Mejlisiň başlygy Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary wezipeli zenanlarynyň Dialogyny döretmek boýunça ilkinji duşuşyga gatnaşdylar. Duşuşyk wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebit edarasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan guraldy.
BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça Sebit edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German duşuşygy açyp, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak bilen baglanyşykly wezipeleri çözmekde zenanlaryň eýeleýän ornuny güýçlendirmäge gönükdirilen täze taslamanyň möhümdigini nygtadylar.
Wideomaslahata gatnaşyjylar bu Dialogy döretmek başlangyjynyň onuň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ähmiýetliligine degişli nukdaýnazardan konsepsiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda intellektual ulgam, ylmy taýdan esaslandyrylan jemgyýetçilik-syýasy barlaglary goldamak, gender deňligi meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek, dürli ulgamlarda zenanlaryň oňyn başlangyçlaryny höweslendirmek bar.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan goldanylan “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini” iş ýüzünde amala aşyrmak hem-de BMG-niň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” diýen gün tertibi baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl parahatçylygy üpjün etmekde we goldamakda zenanlaryň eýeleýän möhüm orny ilkinji gezek berkidilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Kararnamasynyň kabul edilen gününe 20 ýyl hem-de “BMG-zenanlar” düzüminiň döredilen gününe 10 ýyl doldy.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň zenanlara raýat hukuklarynyň we azatlyklarynyň hemme gerimini kepillendirýändigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda döwlet häkimiýetiniň we dolandyryş edaralarynyň işine zenanlaryň işjeň gatnaşmagyna hem-de bilim derejesiniň we hünär taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen çäreler görülýär.
Geljek ýyl Türkmenistan 2021-2025-nji ýyllara niýetlenen gender deňligini üpjün etmek boýunça hereketleriň ikinji Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge girişer. Degişli Karara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dekabr aýynyň başynda gol çekdi.
Bu resminama milli kanunçylygy kämilleşdirmek, gender ugurly saglygy goraýşy üpjün etmek, bilime deň elýeterlilige ýardam bermek, gender taýdan zor salynmagyny öňünden duýdurmak we oňa täsir etmek, zenanlaryň hem-de gyzlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, syýasy hem-de durmuş meselelerini nazara almak bilen ähli derejede zenanlaryň gatnaşmagyny giňeltmek ugurlary özünde jemleýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligine ýokary baha berip, sebit we umumydünýä ösüşiniň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallaryň utgaşdyrylmagy babatda pikirlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.