Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleri ŞHG sammitiniň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkant şäherine gelen Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Prezident Wladimir Putin ykdysady gatnaşyklarda energetikanyň aýratyn orun eýeleýändigine ünsi çekip, RF-niň iri “Gazprom” we Tatneft” kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan köpýyllyk işlerini belledi.
Russiýaly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin döredilýän ähli zerur şertler üçin Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň Lideri Russiýanyň sebitleriniň ençemesi bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýan Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ugur edilýändigini tassyklady.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hökümetleriň derejesindäki yzygiderli gepleşikler, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça geçirilýän geňeşmeler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär.
Iki ýurduň iri sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy oňyn häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany ýurdumyzyň bitarap daşary syýasat ugruny hem-de BMG-de, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Iki ýurduň iri sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy oňyn häsiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany ýurdumyzyň bitarap daşary syýasat ugruny hem-de BMG-de, beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldaýandygy üçin russiýaly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady ulgamda, şeýle-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini bellemek gerek. Muňa türkmen tebigy gazyny Russiýa Federasiýasyna ibermek boýunça gazanylan ylalaşyklar hem mysal bolup biler.
Dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Häzirki wagtda ulagyň, üstaşyr geçelgeleriň, logistikanyň orny strategik ähmiýete eýedir.
Taraplaryň umumy pikirine görä, netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär. Ylym ulgamynda köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesine garalýar. Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hem uly işler amala aşyrylýar.
Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan türkmen-rus gatnaşyklarynyň geljekde-de pugtalandyryljakdygyna, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.