Armydyň peýdasy

Köpýyllyk miwe berýän agaçlaryň biri-de armytdyr. Häzirki wagtda onuň 500-den gowrak görnüşi bellidir. Miwäniň yşyklandyryja meňzeş, tegelek we silindr ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Armydyň gabygy ýuka we galyň, reňki açyk, goýy sary, goňur we gyzyl mämişi bolýar.
Bu miwe saglygy goramakda we berhiz saklamakda örän peýdalydyr. Onuň 100 gramynda 47 kkal saklanyp, düzüminde pektin kislotasy, A,B1, B2,B5, B6, B9, C, E, K, H we PP witaminleri bar. Armyt pes kaloriýaly önüm bolup, onuň iýmitlik gymmaty: 10 g uglewodlar, 0,3 g ýag, 0,4 g belok, 0,5 g krahmal, 0,7 g kül, takmynan 10 g saharid, 0,5 g organiki kislotalar we 3 g iýmit süýümlerinden ybarat. Miwe minerallara hem baýdyr. Düzüminde bar bolan kaliý, kalsiý, natriý, magniý, fosfor, sink, ýod, demir, hlor, bor, kükürt, mis ýaly minerallar armydyň iýmitlik gymmatyny has-da artdyrýar.
Armyt holesteriniň ýüze çykmagynyň öňüni alyp, aşgazan asty mäzinden kynçylyk çekýän adamlar üçin peýdalydyr. Sebäbi, onuň düzüminde fruktoza glýukozadan köp nukdarda saklanýar. Şonuň üçin-de, armyt semizlikden we süýji keselinden ejir çekýän adamlar üçin hem peýdalydyr. Witaminleriň we minerallaryň köp bolmagy sebäpli armyt bedeniň bakteriýalara we wiruslara garşylygyny güýçlendirýär. Armytdaky efir ýaglary çişlere we ruhypeslige garşy netijeli göreşmäge kömek edýär. Şeýle-de, ol içege mikroflorasyna peýdaly täsir edýär, iýmit siňdirişini we metabolizmi gowulandyrýar. Armytdaky kaliý bagyrda we böwreklerde duzlaryň döremeginiň öňüni alýar.
Lukmanlar armydy açgarna iýmezligi maslahat berýärler. Şeýle ýagdaýda miwe aşgazanda, iýmit-siňdiriş ulgamynda agyrlygy döredip bilýär. Şonuň ýaly-da, miwäniň ýanyndan suw içmek ýaramaz täsirlere eltýär. Umuman, iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk bolan adamlara armyt iýmek howply hasaplanýar. Gartaşan adamlara hem bu miwäni kabul etmekden saklanmak ýerlikli bolar.
Begli ÖWEZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.