Habarlar

Türkmenistanyň we ÝB-niň wekilleri «ýaşyl energetika» hem-de metan zyňyndylary ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4666/original-1637f8aa30d4f5.jpeg

22-23-nji noýabrda Aşgabatda «Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy» temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

ÝB-niň wekilleri öz çykyşlarynda gaýtadan dikeldilýän energetika we onuň ösüş mümkinçilikleri ugrunda syýasatynyň esasy ugurlaryny açyp görkezdiler, gaýtadan dikeldilýän energetika pudagy we gaýtadan dikeldilýän energetika çeşmelerini girizmek boýunça halkara we sebit hyzmatdaşlygyndaky tejribeleri bilen paýlaşdylar. Olar ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy bilen tanyşdyrdylar we Türkmenistany degişli halkara başlangyjyna goşulmaga çagyrdylar.

Maslahata Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýaşyl energetika, wodorod energetikasy we metanyň zyňyndylary ugrundaky alymlary we bilermenleri gatnaşdylar.

Şeýle hem Halkara energetiki agentliginiň, Ýewropa dikeldiş we ösüş bankynyň, Metan boýunça ählumumy başlangyjynyň, Hydrogen Europe kompaniýasynyň wekilleri, Germaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň ýanyndaky Tebigy gaz boýunça ylmy-barlag institutynyň, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň bilermenleri ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ulanylýandygyny mälim etdiler we 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny hem-de Türkmenistanda ýokary öndürijilikli eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagynyň döredilýändigi barada aýtdylar. Mundan başga-da ekologiki taýdan howpsuz döwrebap çeşme goraýjy tehnologiýalaryň, hususan-da nebit-gaz, energetika we ulag ulgamlarynda ulanylmagy barada gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda ÝB bilen Türkmenistanyň wekilleri tejribe alyşdylar we gaýtadan dikeldilýän energetika, gaýtadan dikeldilýän wodorodyň peýdalanylmagy we metan zyňyndylarynyň azaldylmagy ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada maslahat etdiler. Taraplar özara gyzyklanmalary öňe sürmek arkaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Taraplar gaýtadan dikeldilýän energetika bilen bagly meseleleriň giň toplumyny, hususan-da bu ugurda kanunlaryň işlenip düzülmegi, gaýtadan dikeldilýän energetika maýa goýumlary çekmek we bu ugurdaky innowasion tehnologiýalary hem-de wodorodyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ÝB we Türkmenistan hyzmatdaşlygyň anyk ýollaryny kesgitlemek maksady bilen esasy temalar boýunça gepleşikleri dowam etdirmegi ylalaşdylar.

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.