Gyş paslynda jan saglygyňa peýdaly iýmitler

Sowuklamanyň öňüni alar ýaly, bedeniň kesele garşy göreşijiligini artdyrmak üçin jan saglygyňa peýdaly iýmiti, dürli witaminlere baý nygmatlary iýmeli. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde miweleriň aýry-aýrylykda nämä peýdalydygyny bilmek her birimiz üçin diýseň gyzyklydyr. Olaryň käbiriniň peýdasy barada durup geçeliň.
Mandarin – edil beýleki miwelerde bolşy ýaly, C witamine baýdyr. Bu miwäniň esasy aýratynlygy onuň düzümindäki ýokumly maddalaryň peýdasynyň uzak wagtlap saklanýanlygydyr. Bilermenler mandariniň günde 2-3 sanysyny iýmegi maslahat berýärler. Onuň şiresi berhiz tutýanlara, sowuklama bilen ýoňlanlara diýseň peýdalydyr. Ol suwsuzlygy gandyrýar, şeýle-de, işdäňi açýar hem-de iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Hünärmenleriň geçiren barlaglarynyň netijesinde mandariniň horlanmakda nepiniň uludygy nygtalýar. Şonuň üçin gyş aýlary gündelik iýmitiňizde hökmany bolmaly miweleriň sanawyna ter mandarini goşuň.
Limon – böwrek kesellerinde, guragyryda, bognagyryda diýseň peýdalydyr. Limonyň şiresiniň esasan-da, berhiz tutýanlar üçin nepi uludyr. Suw garylan limon şiresi agyz boşlugy, damagyň nemli bardalary üçin haýyrlydyr. Limon we onuň şiresi dümewiň öňüni almakda iň peýdaly nygmatdyr. Gyş paslynda limonly çaý içmek hem-de ary baly bilen limonyň mäjumyny ajöze iýmek dümewden goraýar. Irden we ukudan öň ýarty limonyň şiresini, 1 nahar çemçe ary balyny 1 bulgur ýyly suwa garyp içmeli. Ýyly suwdaky limon ýürek bulanmany, sary gaýnamany aýyrmakda kömek edýär. Limon gan basyşyny kadalaşdyrýar, şeýle-de saçyň düşmeginiň öňüni alýar.
Taýýarlan Ýazgül ANNAÝEWA,
USSAT NEWS.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.

Gülli kelemiň peýdasy
Gülli kelemiň (brokkoli kelemi) watany gündogar Ortaýer deňzi sebiti hasaplanýar. Ol 2 ýyllyk ösümlik bolup, ýabany kelemden gelip çykýar. Häzirki wagtda hytaý, hindi, italýan, türk, fransuz, ispan we dünýäniň başga-da ýurtlarynyň aşhanalarynda giňden ulanylýar.

Çaganyň aň-akyl ösüşi üçin peýdaly önümler
Çaganyň aň-akyl taýdan kadaly ösmegi okuw-terbiýeçilik işinde esasy wezipe bolup durýar. Her bir ýaşda iýmitlenmegiň belli bir kadasy bolşy ýaly, çagalyk döwründe hem bu şeýledir.