Zeýtun şalygy

Ýer ýüzünde Ispaniýada iň köp öndürilip, Gresiýada bolsa, iň köp sarp edilýän, elde ýygylýan ösümlik şerbeti bolan, ýylda 4 litre golaý ýag berýän her bir zeýtun agajy aslynda 2000 ýyla golaý wagt ömür sürmäge ukyplydyr.Her bir adam ýylda 20 litre golaý sarp etmäge ukyply bolan grekler ýer ýüzünde iň uzak ýaşaýan ynsan kowmunyň hatarynda durýar.Iň peýdaly önümleriň hataryna girýän zeýtun ol dünýä ýüzünde iň bir iri döwletleriň bazaryny özünde jemleýär.
Zeýtun şalygy bolan ýurtlarda öndürilýän, ykdysadyýetde iň köp girdeýjisi bolan önümleriň biri hasaplanýan zeýtun şalygy ynsan saglygyny gormakda örän uly ähmiýete eýedir.Näçe ýaşyl göründigiçe , şonça- da tebigylygyny saklaýan, hili boýunça doňmaýan we Kiçi Aziýada Orta Asyrlarda belli bolan zeýtun şalygy, gadymy Ýegiptde kerwen ýollaryny baglan zeýtun şalygy, b.e.öň 3-nji müňýyllyklarda dünýä meşhur gadymy şäherleriň biri bolan semit- söwda şäheri Ebladan tapylan tapyndylarda hem yzlary bellenilen, diňe bir iýmit üçin däl, eýsem- de ynsna tenine çalmak üçin hem ýaramly bolan bu ajaýyp ösümlik miwesi gadymyýetden bäri tebigatyň ynsana serpaýydyr.Afinynyň iň gadymy ýaşaýjylary zeýtun şalygyny özleri döreden hasaplamalarynyň emmasy bar. Çünki mifiki miwe hasaplanýan zeýtun şalygynyň önümi hemişe- de öz gymmatyny ýitirmän gelipdir. Onuň adma bedenine peýdasy bolsa, Gippokrat tarapyndan lukmançylyk ylmy – barlagy bilen täzeden açylandyr.
Uzukjemal AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.