Balyk etiniň peýdasy

Balyk aşa doýgun belokleryň çeşmesidir. Şeýle ýagdaýda, belokda beden üçin wajyp bolan aminokislota düzümleri örän köp mukdarda bolýar. Olar bolsa öz gezeginde myşsalaryň gurluşynda, süňkleriň, dokumalaryň sagdynlygyny saklamakda möhümdir. Şeýle-de, balyk etiniň düzümi ýarymdoýgun ýag kislotalaryna hem baýdyr.
Belli bolşy ýaly, balygyň peýdalylygyna onuň düzümindäki omega-3, omega-6 ýagly kislotasy bilen baha berilýär. Elbetde, balyklaryň dürli görnüşlerinde omega – 3 kislotasynyň mukdary deň gelmeýär. Onuň ýürek-damar keselleriniň öňüni alýandygy hem-de beýniniň işine oňaýly täsir edýändigi bellidir. Muňa garamazdan, häzirki wagtda berhiz saklaýanlaryň arasynda ähli ýaglardan, şol sanda omega – 3 ýagly kislotasyndan hem saklanmalydygy barada ýalňyş pikir bar. Fransiýaly alymlaryň geçiren soňky barlaglary bu ýagyň berhiz saklananda hem kabul edilmeginiň zyýanynyň ýokdugyny görkezdi.
Balyk fosfora, kalsiýa we demire örän baý hasaplanýar. Şeýle-de, emeli usulda ýetişdirilen balyklardan tebigy balyklaryň peýdaly aýratynlyklarynyň ençeme esse ýokarydygyny unutmaly däldir. Hünärmenler agyr fiziki işler bilen meşgullanýan adamlara hem-de türgenlere ýaglylygy ýokary bolan balyklary iýmegi maslahat berýärler. Sebäbi, şeýle balyklardaky omega – 3 myşsalardaky gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, bedeniň çydamlylygyny artdyrýar, hereketjeňligi ýokarlandyrýar hem-de sowuklamanyň öňüni alýar. Ýagly balyklaryň düzümindäki ýarymdoýgun ýag kislotalary ýaş we hamyla enelere maslahat berilýär, sebäbi ol göwredäki çaganyň umumy ösüşinde örän peýdaly hasaplanýar.
Hünärmenleriň bellemegine görä, balyk eti gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň etlerinden has-da peýdalydyr. Ösüp gelýän çagalaryň iýmitinde balyk we deňiz önümleriniň bolmagy hökmandyr. Olaryň yzygiderli kabul edilmegi görüş ulgamynyň has-da gowulanmagyna, ýatkeşligiň we ünslüligiň ösmegine peýdalydyr.
Baýram AHMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.