Habarlar

«Marygazüpjünçilik» Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryny ýylyň dowamynda bökdençsiz «mawy ýangyç» bilen üpjün edilýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/4722/original-1638dc966c7c47.jpeg

Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň etraplaryndaky hem-de şäherlerindäki işlerini döwrebap guraýan gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň tutanýerli zähmeti arkaly «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň gündelik durmuşynda tebigy gazyň hözirini görüp ýaşaýan welaýatyň bagtyýar ilatynyň Arkadagly Serdarymyzyň bu sahawatyna hoşallyklarynyň, ýürek alkyşlarynyň çägi ýok.

Welaýatyň iň iri etraplarynyň biri bolan Sakarçäge etrabynyň obalarynyň ýaşaýjylarynyň öý-ojaklaryny tebigy gaz bilen ýylyň dowamynda ýeterlik derejede üpjün etmek «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň hünärmenleriniň, işçileriniň her biriniň gündelik baş aladasy bolup durýar. Edaranyň gazçylary häzir otuz üç müň ýedi ýüz segsen ýedi sany hojalyga, etrabyň çägindäki edara-kärhanalaryň bolsa elli altysyna hyzmat edýärler. Olar umumy uzynlygy bir müň üç ýüz elli bäş kilometr alty ýüz iki metr bolan ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijileriň «mawy ýangyjy» geçirişini hemişe gözegçilikde saklaýarlar. Gazçylar etrabyň ilatynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyna görä, bellenilen meýilnama esasynda gaz geçirijileriň göwrümini giňeltmek, degişli ýerlerinde abatlaýyş işlerini geçirmek, şeýle hem täze döreýän ilatly ýerlerde, Milli maksatnama laýyklykda, gaz geçirijilerini gurmak işlerini ýerine ýetirýärler.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe olar «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Mary welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň gazçylary bilen bilelikde bu ugurda maksatnamalaýyn işleri ýerine ýetirdiler. Etrabyň Soltanyz geňeşligini «mawy ýangyç» bilen üpjün edýän ýokary basyşly eltiji gaz geçirijiniň degişli ýerlerinde düýpli abatlamak işleri geçirilipdir. Şol geňeşlige barýan ýokary basyşly gaz geçirijiniň iki müň sekiz ýüz metrlik bölegi bolsa ýer üstüne geçirilipdir.

Etrabyň Gorgangala geňeşliginiň ilatynyň artmagy bilen, sarp edijilere «mawy ýangyjyň» ýetmezçiligi ýüze çykmaz ýaly, geňeşlige barýan ýokary basyşly gaz geçirijiniň sekiz ýüz elli metrinde ozalky göwrüminiň diametri 114 millimetr bolan gaz geçirijä derek, diametri 219 millimetr bolan gaz geçiriji çekilýär. Gazçylar etrabyň Aýnaköl, Agzybir geňeşliklerine tebigy gaz berýän orta basyşly eltiji gaz geçirijileriň ugrunda-da olaryň göwrümini giňeldip, durkuny täzeleýiş işlerini ýerine ýetiripdirler.

Etrabyň merkezi Sakarçäge şäherinde maşgalalara mellek ýerleriniň bölünip berilmegi bilen täze ilatly ýerler emele gelipdir. Şol ilatly ýerlerde gazçylar tarapyndan bir müň altmyş üç metr uzynlykda göwrüminiň diametri 76 millimetr bolan orta basyşly gaz geçiriji gurlupdyr we gaz paýlaýjy, gaz sazlaýjy enjamlar hem goýlup, gazlaşdyrmak işleri ýerine ýetirilipdir.

— Häzirki wagtda, Milli maksatnama laýyklykda, etrabymyzyň Çaşgyn geňeşliginiň çäginde täze dörän ilatly ýerleri gazlaşdyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Obada uzynlygy bir müň bir ýüz altmyş metr bolan ýokary hem orta basyşly gaz geçirijiniň gurluşyk-gurnaýyş işleri alnyp barylýar. Göwrümleriniň diametrleri 114 hem-de 159 millimetr bolan bu gaz geçirijini şu ýylyň ahyryna çenli gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Güýz-gyş möwsümi gazçylar üçin aýratyn jogapkärli döwür hasaplanylýar. Şoňa görä, biz bu möwsüme öňünden göwnejaý taýýarlyk gördük. Bellenilen meýilnama esasynda gaz geçirijilerde, gaz paýlaýjy, gaz sazlaýjy enjamlarda bejeriş, abatlaýyş, sazlaýyş işlerini talabalaýyk geçirdik. Şu işlerde tejribeli hünärmenlerimiz, işçilerimiz öz zähmet göreldelerini görkezdiler. Olardan gaz ölçeýji enjamlary hasaba almak gullugynyň ussasy Baýram Hasanow, daşary gaz geçirijilerine hyzmat etmek gullugynyň slesarlary Gurbangeldi Allakow, Berdimyrat Çaryýew, Guwanç Ýagşyýew, Baýsähet Durdyýew, içeri öý gullugynyň abatlamak we bejermek boýunça slesarlary Maksat Ýazdurdyýew, Mergen Jumalyýew dagy köpýyllyk iş tejribeleri bolan işgärlerimizdir. Olar ilat arasynda yzygiderli bolup, tebigy gazdan tygşytly hem howpsuz peýdalanmak barada düşündiriş işlerini hem geçirýärler — diýip, «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Arslan Akweliýew gürrüň berýär.

Başga habarlar
16adc81895ccef.jpeg
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy

23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.


16adc5356060d4.jpeg
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.


16adb4dfdaa440.jpeg
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.