LOTOS YBADATHANASY

Lotos ybadathanasy Nýu Delidäki iň bir ýatda saklanýan gözellikleriň biridir. Nýu Deliniň döwrebap etraplarynyň birinde lotos güli şekilindäki ak ybadathana ýerleşen. Bu ybadathanyň gapysy ähli milletler üçin hem açykdyr.
Lotos görnüşindäki ak ybadathana 1986-njy ýylda gurulýar. Bu ybadathanana Fariborz Sabha atly binagäriň lotos görnüşindäki çyzgylary esasynda gurulypdyr. Ybadathananyň gurulmagyna 10 ýyl gerek bolup, 800 işçi zähmet çekipdir.
Gündogardaky lotos arassaçylygyň we gülleýişiň nyşany bolup durýar. Lotos ybadathanasynda edil janly gül ýaly ýekeje göni çyzygy hem ýok. Lotos ybadathanasyna zyýarat etmek sişenbe we ýekşenbe günleri rugsat edilýär. Iş sagatlary gyşyna (oktýabr aýyndan aprel aýyna çenli): 09:00-dan 17:00-a çenli;
Ýazyna (aprel aýyndan oktýabr aýyna çenli): 09:00-dan 18:00-a çenli.
Bahar Gazakowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.