Merkezi Aziýa – Hytaý gazgeçirijisi: 11 ýyl üstünlikli işleýär
Howanyň sowamagy bilen Merkezi Aziýadan Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän tebigy gazyň möçberi artdy, täze ýylyň ilkinji günleri ol ilkinji gezek bir gije-gündiziň dowamynda 100 million kubmetre barabar boldy. Ozalkysy ýaly, “mawy ýangyjyň” esasy möçberi döwletara energetika ulgamyna Türkmenistanyň gaz känlerinden gelip gowuşýar.
Bu barada habar bermek bilen, “Sinhua” habarlar agentligi we beýleki habar beriş serişdeleri Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gazgeçirijisiniň eýýäm 11 ýyl bäri durnukly işläp gelýändigini belleýärler. Günbatar turbageçiriji kompaniýasynyň (Western Pipeline Company) maglumatlaryna görä, geçen ýyl Merkezi Aziýadan tebigy gazyň 39 milliard kubmetre golaýy iberildi. 2009-njy ýylda gazgeçirijiniň işe girizilen pursatyndan bäri bolsa, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň iberilen umumy mukdary 336 milliard kubmetrden hem geçdi.
Bu gazgeçiriji Merkezi Aziýa ýurtlaryny we Hytaýy baglaýan strategik taýdan möhüm energetika ulgam bolup durýar. Ol ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup, onuň durnukly işlemegi Hytaýyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de ekologiýa taýdan arassa “ýaşyl” ösüşe geçmäge ýardam etmek üçin uly ähmiýete eýedir.
Merkezi Aziýadan gelip gowuşýan gaz HHR-niň welaýatlarynyň we awtonom etraplarynyň 27-ine, şeýle hem Gonkongyň ýörite dolandyryş etrabyna iberilýär, olarda ilatyň sany 500 million adamdan hem geçýär.
Häzir Türkmenistanda halkara ulgamyň çig mal binýadyny berkitmek hem-de düzümini ösdürmek boýunça işler dowam edýär.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.