Aşgabatda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergisi dowam edýär
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergi öz işine başlady.
Sergä gatnaşyjylaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu sergide ýurdumyzyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň, edaralaryň, hususy telekeçileriň 140-a golaýy öz önümlerini görkezýärler.
Serginiň ekspozisiýasy döwlet şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär. Bu ýerde dürli görnüşli senagat önümleri, azyk harytlary, amaly-haşam sungatynyň önümleri bilen bir hatarda, ekologik taýdan arassa, halkara ölçeglere laýyk gelýän şäher hojalygy ulgamyny döretmäge degişli iri maýa goýum taslamalary, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we uly şäheriň ýaşaýyş-durmuşynyň oňyn sazlaşygyny saklamaga, daşky gurşawynyň goralmagyna ýardam edýän desgalaryň taslamalary görkezildi. Serginiň köp böleginde inženerçilik-aragatnaşyk ulgamlarynyň işini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlarynyň görkezilmegine uly orun berildi. Sergi täze teklipler bilen tanyşdyrmak üçin meýdança öwrülip, myhmanlara halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň gazanan üstünlikleri, Aşgabadyň senagat, medeni, intellektual mümkinçiligi, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdeleri bilen tanyşmaga ýardam etdi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dürli dillere terjime edilip, daşary ýurtlarda-da giň meşhurlyga eýe bolan kitaplary mynasyp orun eýeleýär. Sergide bezelen neşir önümleri, Türkmenistanyň gadymy taryhy, özboluşly medeni däp-dessurlary we şu güni baradaky publisistik hem-de ylmy-populýar kitaplar görkezilýär.
Sergide gurluşyk kärhanalarynyň, bag nahallaryny ösdürip ýetişdirmek, seýilgäh germewlerini, bezege degişli owadan serişdeleri, mebelleri we olaryň enjamlaryny, aşhana mebellerini, durmuşda ulanylýan aýna önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň diwarlyklarydyr harytlary bar.
Aşgabat şäher häkimliginiň sergi bölümi bagy-bossanly künjege öwrüldi. Paýtagtyň ýaz gülleri bilen bezelen toplumlary şäheriň binagärlik gözelliginiň ajaýyp bezegi bolup durýar. “Jadyly bag” hem-de “Roza gül” nyşanly bezeg we janly gülleriň köpdürlüligi bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar.
“Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti Gün energiýasy bilen işleýän ýol hereketini sazlaýjy ýolyşyklary hem-de ýol belgilerini görkezýär. Bu kompaniýa ýurdumyzyň bazarynda özüni häzirki zamanyň senagat we elektron önümlerini öndüriji hökmünde tanatdy. Şeýle hem kompaniýa sergä iki SIM-kartly öýjükli telefonlary, smartfonlary, monobloklaryň dürli görnüşlerini, smart-telewizorlary, split-sowadyjylary, internet toruny paýlaýjylary (router), arassa agyz suwuny sowatmak we gyzdyrmak üçin enjamlary bilen gatnaşýar. Bu ýerde sanly tehnologiýalar we programma üpjünçiligi ulgamyna ýöriteleşen “Akylly tilsimat” hojalyk jemgyýetiniň işi baradaky maglumat bilen tanyşmak mümkin.
Milli görnüşdäki türkmen işewürlik merkeziniň uly taslamasyny görkezýän “Gül ömri” hojalyk jemgyýeti, şeýle hem eýýäm durmuşa geçirilen hem-de geljegi uly taslamalary bilen tanyşdyrýan “Ýiti galam” hojalyk jemgyýeti sergä ilkinji gezek gatnaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne taslamalaryň giň gerimliligi mahsusdyr. Köp gatly ajaýyp binalar gurulýar, şäherlerde täze künjekler we iri ilatly nokatlar peýda bolýar, uzak aralyklara awtobanlar, polat ýollar gurulýar, halkara ähmiýetli ulag düzümi kemala getirilýär. “Ak şäherim Aşgabat” sergisine daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň hatarynda şähergurluşyk we senagat pudagynda, şeýle hem ýol-ulag düzümlerinde bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşýan guramalar we kompaniýalar bar.
Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary — “Bouygues Turkmen”, «Gap Inşaat», «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret», «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom», «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.», «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti gurluşyk desgalarynyň şekil taslamalaryny, innowasion işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezdiler. Şolarda suw üpjünçiligi, yşyklandyryş, ýollaryň gurluşygy, dynç almak ýaly ugurlar öz beýanyny tapdy. “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan taýýarlanan şäher metrosynyň şekil taslamasy sergä gelenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Serginiň açyk meýdançalarynda “Toyota” we “Hyundai” ýaly öňdebaryjy öndürijileriň dürli awtoulaglary ýerleşdirildi.
Şeýle hem bu ýerde işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gyzyklanma bildirýän kompaniýalar mümkinçiliklerini görkezýärler. Olar dünýä derejesindäki talaplara laýyklykda, şäher hojalygynda ulanmaga degişli ekologik taýdan arassa ulgamlara hem-de energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara, seýilgäh zolaklaryna niýetlenen intellektual düzümlere degişli taslamalara aýratyn ähmiýet berýärler. Bu bolsa şäherde amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge we tebigaty goramaga, ählumumy ekologik meseleleri oýlanyşykly çözmäge mümkinçilik berýär.
Şu gün sergi öz işini dowam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.