Habarlar

Geljegiň arassa energetikasyny emele getirmekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri Brýusselde hödürlenildi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/5684/original-164a6b439767a8.jpeg

Sişenbe güni Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýa üçin arassa energiýanyň geljegi» atly maslahatda arassa energetikany emele getirmekde Türkmenistanyň baý tejribesi hödürlenildi. Bu tema boýunça Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow çykyş etdi.

Özüniň baý Gün serişdelerini hem-de tebigy gaz ätiýaçlyklaryny peýdalanmak bilen Türkmenistan durnukly hem-de ekologiýa taýdan arassa energetiki geçişi emele getirmekde möhüm orny eýelemäge doly taýýar diýip, ilçi çykyşynda belledi.

Biziň ýurdumyz orta geljekde 2030-njy ýyldan başlap, bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol derejesini gazanmagy hem-de uzak geljekde zyňyndylaryň derejesini ýyllyk görkezijide düýpli azaltmagy meýilleşdirýär diýip, Sapar Pälwanow belledi.

Pälwanowyň bellemegine görä, soňky ýyllarda Türkmenistanda önümleriniň uglerodlylygyny barha peseldýär. Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy tebigy gazy çykarmakda, ugratmakda we paýlamakda metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak boýunça düzgünleri öz içine alýar. Türkmenistanyň bu tagallalary we amaly çäreleri halkara institutlary we daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar.

Heniz doly açylmadyk bu ulgam daşary ýurtly maýadarlar üçin uly mümkinçilikleri açýar diýip diplomat belledi.

— Energetika döwleti hökmünde Türkmenistan energiýa serişdeleriniň önümçiliginiň, ugradylmagynyň we sarp edilmeginiň howa ýaramaz täsirini azaltmak meselesinden daşlaşmaýar. Biz «ýaşyl geçişi» öňe sürmäge ymtylýarys, çünki adamzadyň geljegi arassa we durnukly energetika bagly — diýip, ilçi belledi.

Türkmenistanda mümkin bolan taslamalaryň gerimi barada aýtmak bilen, Pälwanow ýurtda her ýylda 300 töweregi güneşli günüň bardygyny, güneşli günleriň dowamlylygynyň bolsa 2500-3000 sagatdyny, munuň bolsa gün energiýasyny ulanmaga mümkinçilik berýändigini aňladýar.

Möhüm zatlaryň biri hem Türkmenistanda Garagum çölüniň barlygy, onuň çägelerinde kremniý – ýarymgeçiriji material saklanýar. Bu material gün şöhlesini kabul edip, ony elektrik energiýasyna öwürýär. Munuň özi biziň ýurdumyzy gün panellerini öndürmäge we gün fotoelektrik energetikasyny ösdürmäge iterýär.

Türkmenistanda kuwwatlylygy 10MWt bolan utgaşykly gün we ýel elektrik stansiýalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle hem «Türkmenenergo» korporasiýasy ýurduň aýry-aýry ilatly nokatlarynda kuwwatlylygy 6MWt-dan gowrak bolan gün elektrik stansiýalarynyň gurluşygyny meýilleşdirdi.

Tebigy gazyň ätiýaçlyklarynyň gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistan wodorod energetikasyny ösdürmäge strategiki ýagdaýa eýe. Wodorodyň önümçiliginiň 68%-den gowragy tebigy gaza düşýär, bu bolsa ony has oňaýy edýär.

Wodorod energetikasynyň mümkinçiliklerini doly açmak maksady bilen Türkmenistan pudaklaýyn infrastrukturasyny döretmäge taýýarlanýar. 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Ýol kartasy birnäçe toplumlaýyn çäreleri we bu ugra daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça amaly ädimleri göz öňünde tutýar.

Maslahatyň barşynda Sapar Pälwanow şeýle hem «akylly şäher» konsepsiýasyny özünde jemleýän Arkadag şäherini tanyşdyrdy. Bu şäher her tapgyrynda ekologiýa çemeleşmä esaslanýar.

Başga habarlar
168ef89039dfb0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Lebapda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

15-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.


168ef69d87055b.jpeg
Petronas “OGT 2025” 30-njy halkara sergisiniň we maslahatynyň brilliant hemaýatkäri boldy

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2025) guramaçylyk komiteti Malaýziýanyň PETRONAS energetika kompaniýasynyň bu möhüm çäräniň brilliant hemaýatkäri bolandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.


168ea1c9751317.jpeg
OGT 2025: Türkmenistan dünýä energetikasynda täze döwre gadam basýar

«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň 30-njy şanly senesi dünýäniň energetika bazarynda ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy hökmünde eýeleýän ornuny tassyklamak bilen, oňa dünýäniň köp sanly döwletlerinden wekilleriň gatnaşýandygyny görkezýär.

168e1cfd001c4e.jpeg
Nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


168e118843df1a.jpeg
Сотрудники «Nebitgazylmytaslama» способствуют росту добычи нефти в Туркменистане

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň gatlagyň fizikasy barlaghanasynyň müdiri Ýazberdi BÄŞIMOW: