«Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi
6-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Tanyşdyrylyş dabara Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň, halkara we sebit guramalaryň, şol sanda, bank-maliýe düzümleriň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri gatnaşdy.
Çykyşlarda Yslam ösüş bankynyň döredilmeginiň taryhyna, onuň şu gününe we alyp barýan işine aýratyn üns çekildi, bu maliýe edaranyň agza ýurtlar, şol sanda, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada giňişleýin maglumat berildi.
Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň köpýyllyk we netijeli gatnaşyklaryny nygtamak bilen, söwda-ykdysady häsiýetli giň gerimli hyzmatdaşlygy amala aşyrmak nukdaýnazaryndan, ilki bilen, ählumumy ähmiýete eýe bolan taslamalary durmuşa geçirmeklige gönükdirilen maýa goýum syýasat ulgamyna uly orun degişlidigi bellendi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň çykyşynda belleýşi ýaly, 1994-nji ýyldan bäri Yslam Ösüş Banky bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň dowamynda Türkmenistanda Bank tarapyndan 26 taslama maliýeleşdirildi. Bu taslamalar Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, lukmançylyk we saglygy goraýyş, suw hojalygy, demir we deňiz ýollary, telekommunikasiýa, tebigy gazy ibermek infrastrukturasy ýaly pudaklara degişlidir.
R.Meredow strategik hyzmatdaşlyga öwrülen şeýle üstünlikli özara bähbitli gatnaşyklaryň gözbaşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň durandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň bu gün Türkmenistanyň abraýly halkara maliýe we söwda guramalary bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmek we çuňlaşdyrmak, ýurdumyzy dünýä maliýe jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy hökmünde kabul etdirmek ugrundaky syýasaty dowam edýändigi bellenildi.
Kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň bilelikdäki taslamalaryna we hyzmatdaşlygyna bagyşlanan sergi bilen tanyşdyryldy.
Hökümet mejlisinde “Türkmengaz” DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler maslahatlaşyldy
23-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen milli кonserwatoriýada wokal bäsleşigi geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak hem-de saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.