Dagdan agajy

Türkmen halky dagdan agajyny keramatly, gözden dilden goraýan mukaddes agaç hasaplanýar. Şol ynam ygtykat bilen dagdandan kiçijik üljäniň şänigi çemesi ululykda, iki başy ýaýbaňja, orta bili gyşbyja şekiljik ýasap, ýaş çagajyklaryň tahýasyna, kürtekçesine dakýarlar ýa-da alaja bag bilen boýnundan asýarlar. Ol şekiljige dagdabjyk diýýärler. Mundan başga-da çeper elli gelin-gyzlaryň aýratyn ussatlyk bilen nagyşlan kürte, çyrpy ýaly lybaslaryna hem gözden-dilden gorasyn diýip dagdanjyk çatýarlar. Halynyň bolsa esasy nagyşlarynyň başlanýan hem-de gutarýan ýerinde bir hatar dagdanjyk nagşyny çitýärler. Umuman, türkmençilikde haýsy zada göreniň mähri gidip, gözi deger öýdülse, şoňa dagdan agajyny gorag edýärler.
Türkmen hatda mal-garasynyň ýüpüne-de bir bölek dagdan agajyny berkidýär. Bu barada şeýle bir rowaýatam aýdýarlar. Öňden bir gözi degegen adam bar eken. Ol adam özüniň bu bolşundan müýnürgemän, gaýtam:
- Men gözimi diken zadymy, salymyny bermän tüwdüräýýändirin - diýip öwinýärmiş.
Bir gün şeý diýip öwünip otyrka, töweregindäkiler oňa:
- Beýle bolsa, hany, hol duran düýäni tüwdir, göreli! - diýipdirler.
Ol adam şol diýilýän düýä tarap gözini çarhlap, tiňkesini dikipdir weli, düýe duran ýerinde taýyp, bir entirekläpdir, ýöne ýykylmandyr.
Gözi degegen adam:
- Bu ýerde bir hikmet bardyr, ýogsa, düýe hökman ýykylardy. Hany, ýörüň göreliň! - diýipdirler.
Baryp görseler, düýäniň owsarynyň düýbinden iki barmak çemesi dagdan agajy bar eken. Muny gören adamalar:
-Be-e, dogurdanam dagdanly taýsa-da, gaýmajak eken! - diýişipdirler. Şu wakadan soň “Dagdanly taýmaz” diýen durnukly söz düzüminiň nakyla öwrülip, il içine ýaýrandygyny aýdýarlar.
Dagdan agajy biziň ýurdumyzda Uly Balkan, Kürendag, Günorta-Günbatar, Merkezi we Gündogar Kopetdag, Badhyz we Köýtendag sebitlerinde ýaýrandyr. Dag syýahatyny halaýanlar bu agaçlaryň dag çeşmeleriniň golaýynda ösüp, olary kölege bilen büreýändiklerini bilýärler. Dagdan esasan, dag jülgeleriniň, manzaralary, gaýalaryň çuňlyklaryndaky jaýryklarda, suw ýygnanýan künjeklerinde ösýär. Türkmen halk döredijiliginde we nusgawy edebiýatynda bu syrdam agaçlar dag gaýalarynyň syraty, kuwwaty we tebigy gözelligi bilen baglanşdyrylýar. “Dagdan” agajy “dagdan güýç alýar” diýip, il içinde aýdylýar.
Taýýarlan: Amanmyrat ANNAMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar
Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

Bagbançylygyň ähmiýeti
Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.

Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek
Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.

Çopantelpegiň adam saglygyna ýetirýän peýdaly täsirleri
Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr.

«Bejeriş binagärligi» hassalaryň ünsüni gussaly duýgulardan sowup, olarda ruhubelentlik döredýär
Ösümlikleriň, arassa howanyň, janly-jandarlaryň bejeriş ukyplary barada bilýän hem bolsak, binagärligiň şypa berijilik häsiýeti barada seýrek eşidilýär.